Nyrhlaryň ýokarlanmagy sebäpli, iri awtoulag öndürijileri ABŞ-a ibermelerini togtatdylar

  • 17.04.2025 01:05
  • 8.5k+

Mitsubishi Motors ýapon kompaniýasy hem Volkswagen, Stellantis, Audi we Jaguar Land Rover kompaniýalaryndan soň, ABŞ-a awtoulag ibermegi wagtlaýyn togtatdy. Munuň esasy sebäbi ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan girizilen täze gümrük paçlary diýip, «Motor1» neşiri habar berýär.

Mitsubishi üçin ýagdaý has-da kyn, sebäbi bu kompaniýanyň ABŞ-da özüne degişli zawody ýok.
Kompaniýa täze paçlaryň ulaglaryň bahasyna we logistika çykdajylaryna nähili täsir etjekdigini seljermek üçin, ulaglaryň iberilişini wagtlaýyn togtatdy. Bu ýagdaý näbellilik döwründe zyýanlary azaltmaga kömek eder. Bu karar amerikan bazarynda «Outlander» we «Eclipse Cross» ýaly meşhur modelleriň azalmagyna getirip biler.
Awtoulaglaryň iberilişiniň haçan yzyna dikeldiljekdigi entek belli däl. Eger täze nyrhlar güýjünde galsa, Mitsubishi awtoulaglarynyň bahasy ýokarlanyp, kompaniýanyň bäsdeşlik ukyby pese gaçyp biler. Uzak wagtlyk arakesme brendiň güýçli bäsdeşleriniň arasyndaky ornuny has-da gowşadyp biler.


05.06.2026 18:16
6.1k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

05.06.2026 15:49
4.4k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.8k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 20:53
4.9k+

Mitsubishi Pajero gaýdyp gelýär: kompaniýa muny resmi taýdan tassyklady

Mitsubishi kompaniýasy "Pajero" ýolsuz ýerden ýöreýän ulagynyň (wnedorožniginiň) gaýdyp gelýändigini resmi taýdan tassyklady. Täze, bäşinji nesil modeliň tanyşdyrylyş dabarasy şu ýylyň güýzünde bolar....