Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy Zinedin Zidanyň ogly Luka Zidan hem goşuldy. Dünýä çempionatyna gatnaşmak onuň sport durmuşynda şeýle mazmundaky ilkinji tejribe bolar.
Luka Zidan Alžiriň ýygyndysyna geçmezden ozal, Fransiýanyň dürli ýaş boýunça ýaşlar toparlarynda çykyş edipdi. Ol 2025-nji ýylyň sentýabr aýynda sport raýatlygyny üýtgetdi we eýýäm oktýabr aýynda Alžiriň milli ýygyndysynda ilkinji duşuşygyny geçirdi. Çempionatyň bije çekişlik tapgyrynda Alžiriň topary Argentina, Awstriýa we Iordaniýa bilen bäsleşer.
Şu habar bilen bir wagtda diýen ýaly, Fransiýanyň «Lill» kluby Dawide Ançelottiniň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini yglan etdi. 36 ýaşly italiýaly hünärmen bilen iki ýyllyk şertnama baglaşyldy. «Lill» kluby 2025/2026-njy ýyllaryň möwsüminiň netijeleri boýunça Fransiýanyň çempionatynda üçünji orny eýeledi. Möwsüm tamamlanandan soň, klubuň ýolbaşçylary we baş tälimçi Bruno Ženezio hyzmatdaşlygy dowam etdirmezlik barada karara geldiler.
Häzirki wagtda Dawide Ançelotti kakasy Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylyk edýän Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiler düzümine girýär. Mundan ozal ol kakasy bilen bilelikde «PSŽ», «Bawariýa», «Napoli», «Ewerton» we Madridiň «Real» klublarynda işläpdi. Şeýle hem, 2025-nji ýylda kiçi Ançelotti alty aýyň dowamynda Braziliýanyň «Botafogo» toparyna baş tälimçilik edipdi.