Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

  • 10.06.2026 08:04
  • 10k+

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy.

«South China Morning Post» neşiriniň habar bermegine görä, 2013-nji ýylda Şen familiýaly bir erkek adam Sian şäheriniň golaýynda gurulýan täze binalaryň birinden meýdany 90 inedördül metr bolan öý satyn alypdyr. Şertnama boýunça ol ýaşaýyş jaýy binanyň 34-nji gatynda ýerleşmelidi. Satyn alyjy deslapky töleg hökmünde 117,7 müň ýuan töläpdir, gurluşyk işleriniň tamamlanmagy bolsa 2015-nji ýyla meýilleşdirilipdir.

Ýöne gurluşyk işleri gaty uzaga çekipdir we gurluşyk kompaniýasy jaýyň taýýar bolandygyny diňe 2017-nji ýylda yglan edipdir. Şen täze öýüniň açarlaryny almaga gelende bolsa, binanyň aslynda diňe 32 gatdan ybaratdygy belli bolýar.

Ilkibaşda gurluşykçy meýilnamany üýtgedip, satyn alyja binanyň iň ýokarky gatyndan öý hödürläpdir, ýöne birnäçe aýdan soň bu şertden hem ýüz öwrüpdir. Şondan soň Şen tölän pulunyň doly yzyna berilmegini talap edipdir.

Kompaniýa puluň diňe bir bölegini töläp, soňra satyn alyjynyň ýüzlenmelerine jogap bermegini bes edipdir. Netijede, bu raýat kazyýete ýüz tutmaly bolýar we kazyýet gurluşyk kompaniýasyny galan ähli maliýe serişdelerini doly yzyna gaýtarmaga borçly edýär.


27.06.2026 11:02
2k+

Hytaýly taýkonawtlar kosmos şertlerde ilkinji gezek lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdiler

«Şençžou-23» missiýasynyň ekipažy Hytaýyň «Týangun» orbital stansiýasyna gelenden soň ilkinji gezek mikrodartyş şertlerinde lukmançylyk halas ediş tälimini geçirdi....

18.06.2026 11:17
5.1k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

18.06.2026 10:28
1.5k+

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 14:01
8.5k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....