Pekinde ýeňil uçar iň beýik gökdirän binany baryp urdy

  • şu gün 15:52
  • 2k+

Ýeňil motorly sport uçary Pekiniň iň beýik binasy bolan China Zun (Çaýna-Szun) binasyna uruldy. Bu wakadan soň bina doly ewakuasiýa edildi diýip, «South China Morning Post» neşiri habar berýär.

Sosial torlarda uçaryň ýere gaçan böleklerini görkezýän wideoşekiller ýaýrady. Kadrlara we gökdirän binanyň golaýynda tapylan uçaryň guýruk bölegine esaslanyp, gürrüňiň ýerli Shuangyue General Aviation kompaniýasyna degişli bolan, Hytaýda öndürilen Sunward SA60L Aurora kysymly uçar barada barýandygy çak edilýär. Şeýle uçarlar, adatça, türgenleşik ýa-da gezelenç uçuşlary üçin ulanylýar.

Zarba binanyň ýokarky gatlaryna degdi we netijede ägirt uly aýna panelleri döwüldi, desganyň we uçaryň bölekleri bolsa diňiň aşagyndaky pyýada we ulag ýollaryna gaçdy. Binanyň içinde signalyň işläp başlamagy bilen, ýüzlerçe ofis işgäri gyssagly tertipde binany terk etdi. Şaýatlaryň aýtmagyna görä, urulma bolan ýerden biraz wagtlap tüsse çykyp durdy, ýöne ol ýangyn söndürijiler tarapyndan tiz söndürildi.

Wakanyň anyk sebäpleri entek mälim edilmedi. Habar çap edilen pursatyna çenli heläk bolanlar ýa-da şikes alanlar barada resmi maglumat ýok. Hytaýyň häkimiýetleri tarapyndan hem bu waka barada entek teswir berilmedi.

China Zun gökdirän binasy 2018-nji ýylda gurlupdy. Onuň beýikligi 528 metre deň bolup, bina 108 gatdan ybarat. Bu desga Pekinde iň beýik, dünýäde bolsa beýikligi boýunça onunjy binadyr.


14.04.2026 20:51
4k+

Pekinde adampisint robotlaryň 70-den gowrak topary ýarym marafonyň öňüsyrasynda ylgawa çykdy

Pekinde adampisint (gumanoid) robotlar üçin Hytaýyň taryhynda ikinji gezek geçiriljek ýarym marafona taýýarlyk synaglary başlandy. Oňa ýüzden gowrak robot gatnaşar....

22.02.2022 09:07
4.6k+

Berdimuhamedow Si Szinpini Pekin Olimpiadasynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady

21-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen bilen duşuşygy geçirildi. Onda DIM-niň ýolbaşçysy...

14.06.2021 22:34
10k+

Pekiniň howasy şu ýylyň maýynda rekord derejede gowulandy

2013-nji ýylda işe girizilen hasapdan bäri, şu ýylyň maý aýynyň jemleri boýunça Pekiniň howasynda deňeşdirme bölekleriniň PM2,5 konsentrasiýasynyň iň pes derejesi hasaba alyndy. Bu barada Hytaýyň Sinhua agentligine...

şu gün 12:00
2.1k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....