Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

  • düýn 12:00
  • 3.4k+

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär.

Psihologlar ynam döretmegiň we düzgünleri düşündirmegiň basyş etmekden has täsirlidigini anykladylar. Soňkusy diňe ene-atasynyň nähili garajagyndan gorkusyna çagalary ýalňyşlyklaryny gizlemäge mejbur edýär.

Singapur milli uniwersitetiniň Din Sýaopan, Liwen Ýu we Raýan Hong ýaly ylmy işgärlerinden ybarat topary ýerli maşgalalaryň arasynda iki sany uzak möhletli barlag geçirdi. Olaryň barlaglary Child Development и Developmental Psychology žurnallarynda çap edildi. Netijeler awtoritar usullaryň mekdebe çenli ýaşdaky çagalaryň-da, kiçi mekdep ýaşly çagalaryň-da içki ahlak gymmatlyklaryna zyýan ýetirýändigini görkezýär.

Mekdebe çenli çagalarda geçirilen synag

Birinji taslamanyň çäklerinde alymlar bir ýarym ýylyň dowamynda 479 maşgalany gözegçilik astyna aldylar. Terbiýe berlişiniň umumy stili çagalar dört ýarym ýaşyndaka seljerildi. Bir ýarym ýyldan soň, olaryň aldawçylyga bolan meýilleri ýörite synag - dart oýny arkaly barlandy.

Netijede çagalaryň 61% -i ýeňiş gazanmak üçin aldawçylyga ýüz urdy. Bu hereketiň esasy sebäbi olaryň kakalarynyň gündelik berk tutmaklygy bolupdyr. Psihologlar berk düzgüne salyp saklamagyň we gürrüňsiz gulak asmagy talap etmegiň çagalaryň özüne aşa tankydy garamagyna, ýalňyşmakdan gorkmagyna sebäp bolýandygyny düşündirdiler. Bu şertlerde synag wagtynda ýüz beren aldawçylyk garşylyk däl-de, ulularyň aşa uly tamalaryny ödemek we olaryň goldawyny almak üçin sagdyn däl gorag mehanizmine öwrüldi.

Mekdep okuwçylary bilen geçirilen synag

Ikinji barlag üç ýyl dowam etdi we ýedi ýaşdan dokuz ýaşa çenli çagalary bolan 302 maşgalany öz içine aldy. Barlagçylar ene-atalaryň gözegçiliginiň dürli görnüşleriniň täsirini birme-bir öwrendiler.

Kakmalamak we şarpyk çalmak ýaly, fiziki temmileriň ýyllaryň dowamynda ýalan sözlemegiň yzygiderli artmagyna sebäp bolýandygy anyklandy. Şol bir wagtda howply betbagtçylykly aýlaw hem ýüze çykaryldy: berk çäreleriň ulanylmagy çagalaryň ýalan sözlemeginiň köpelmegine sebäp boldy, ýalan sözlemegiň köpelmegi ene-atalary has gazaply jogap çärelerine iterdi.

Singapuryň aýratynlyklary

Singapur şeýle barlaglar üçin özboluşly ýerdir, sebäbi bu ýerde ten jezasy maşgala we hökümet derejelerinde çuňňur ornaşypdyr. Ýurtda mekdeplerde we kazyýet ulgamynda käbir hukuk bozulmalary üçin taýak bilen urmaga kanuny taýdan rugsat berilýär. Urulýan ýörite taýaklar dükanlarda aç-açan satylýar, pikirsoraşmalar bolsa ene-atalaryň köpüsiniň olary ulanýandygyny tassyklaýar. Şeýle-de bolsa, ylmy barlagçylar, hatda taryhy taýdan awtoritar usullar bilen tassyklanan jemgyýetde hem olaryň çaganyň şahsyýetine zyýanly täsir edýändigini subut etdiler.

Neşirleriň awtorlary berk gözegçiligiň çaganyň özüne bolan garaýşyna zyýan ýetirýändigini nygtaýarlar. Güýjüň basyşy astynda çagalar "Meni diňe ähli zady kämil ýerine ýetirsem söýerler" ýa-da "Meniň ýalňyşmaga hakym ýok" ýaly zyýanly ynançlary özleşdirýärler. Aşa ýokary tamalary ödemek ýa-da taýak iýmekden goranmak üçin olar ýalan sözlemäge başlaýarlar.

Şonuň üçin psihologlar ene-atalary ýalan sözlenýändigi üçin temmini artdyrmazlyga çagyrýarlar, sebäbi bu meseläni has beterleşdirýär, eýsem ünsi ynama daýanýan söhbetdeşlikleri guramaga jemlemeklige çagyrýarlar.


22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:40
3k+

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......