Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

  • düýn 17:01
  • 5.2k+

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman, uzak wagtdan bäri ilkinji gezek şol bir reňki saýlap alan iň uly sport brendleriniň utgaşdyrylan ädimidir.

Gara klassykdan gülgüne trende

Öňler futbol butsylary diňe gara reňkde öndürilýärdi. Soňky 25 ýylyň dowamynda kompaniýalar dürli reňkleri barlap gördi, ýöne DÇ-2026-da bu trend oýunçylary ýene-de birleşdirdi — indi gülgüne reňkde.

Eýýäm Mehikoda Meksika bilen Günorta Afrikanyň arasynda geçirilen açylyş oýnunda her bir futbolçynyň aýagynda diýen ýaly ýiti gülgüne aýakgap bardy. Şotlandiýanyň ýygyndysynda analitikler 22 oýunçynyň 19-ysynyň şeýle butsylardadygyna üns berdi, Günorta Koreýanyň türgenleşiginde bolsa bu görkeziji 26-dan 25-e deň boldy. Koreýalylaryň arasynda diňe ýarym goragçy Hwan In Bom «Mizuno» brendiniň ak reňkli aýakgabyndady.

Öňdebaryjy brendleriň bir wagtda durmuşa geçirilen strategiýasy

Adatça, öndürijiler özboluşly dizaýnlaryň hasabyna özara bäsleşýär, ýöne şu ýyl Nike, Adidas, Puma, New Balance we Skechers kompaniýalary bir wagtda birmeňzeş gülgüne reňkde aýakgap toplumlaryny çykardy. Her bir kompaniýa birmeňzeş bazar çaklamalaryna esaslanyp, biri-birinden garaşsyz hereket etdi.

Ýaryş üçin taýýarlanan ýörite kolleksiýalar şeýle atlandyryldy:

  • Nike: Breakout Pack — fuksiýa reňkine ýakyn bolan goýy gülgüne reňk;
  • Adidas: Road to Glory Pack — çalaja mämişi öwüşginli Solar Turbo reňki;
  • Puma: Showtime Pack — Vibrant Poison Pink gradienti;
  • New Balance: Pure Ambition Pack — gülgüne reňkiň ak we altyn reňk bilen utgaşmasy;
  • Skechers: Sunset Pack — mämişi reňkden gülgüne we melewşe reňke geçiş.

Sportda reňkler nähili çaklanylýar?

Butsylaryň täze modelini taýýarlamak iki ýyla çenli wagt alýar. Dizaýnerler reňk saýlanlarynda ýöriteleşdirilen agentlikleriň maslahatlaryna eýerýär. Şunlukda, eýýäm 2024-nji ýylda WGSN analitiki kompaniýasy «elektrik fuksiýany» (gülgüne bilen gyrmyzy reňkleriň arasyndaky açyk neon öwüşgini) 2026-njy ýylyň tomus paslynyň esasy reňki diýip yglan edipdi. Netijede, öndürijiler bu trendi bir wagtda durmuşa geçirdi.

Amaly bähbidi: ekranda göze ilijiligi we yssydan gorag

Modadan daşary gülgüne reňkiň möhüm amaly artykmaçlyklary hem bar:

  • Iň ýokary kontrast. Nike-yň bilermenleri gülgüne reňkiň ýaşyl otuň fonunda gowy saýlanýandygyny anyklady. Häzirki wagtda janköýerleriň köpüsiniň oýunlary smartfonlaryň kiçi ekranlarynda we sosial torlarda görýändigini göz öňünde tutsaň, bu örän möhümdir. Ýiti reňkli aýakgap hereket wagtynda, gaýtalap görkezilýän wideolarda we gysga wideoşekillerde aýdyň görünýär.
  • Forma bilen sazlaşygy. Ýaryşa gatnaşýan 48 ýygyndy toparyň hiç biri gülgünäni formada esasy reňk hökmünde ulanmaýar, şonuň üçin butsylar eşikler bilen garyşyp gitmeýär.
  • Aşa gyzgyndan gorag. Ýylylygy özüne çekýän adaty gara reňkden tapawutlylykda, neon-gülgüne materiallar Gün şöhlelerini yzyna serpikdirýär. Bu bolsa Demirgazyk Amerikanyň tomusky yssy howasynda futbolçylara kömek edýär.

Nike kompaniýasynyň futbol aýakgaplaryny öndürmek boýunça global toparynyň ýolbaşçysy Odinga Nimako «The Athletic» neşirine beren interwýusynda bu çözgüde şeýle baha berdi:

«Gülgüne reňk siziň tribunada oturandygyňyza ýa-da oýna telewizordan seredýändigiňize garamazdan, hakykatdan hem, meýdançanyň ýaşyl otlarynyň fonunda saýlanmaga kömek edýär. Biz wizual täsire üns çekmek isledik».

Psihologik tarapy

Nike tarapyndan geçirilen barlaglar açyk reňkli aýakgaplaryň türgenleriň ruhy ýagdaýyna oňyn täsir edýändigini görkezdi.

«Biz haýsy reňkleriň ynamy, hakykatdan hem, güýçlendirýändiginden ugur aldyk we gülgüne reňk şolaryň biridir. Şeýle ýiti zady geýen ýagdaýyňda, ol bellibir ruhy taýýarlygy döredýär: şeýle reňkleri götermek üçin, hakykatdan, güýçli we özüňe ynamly bolmaly» – diýip, Odinga Nimako sözüniň üstüne goşdy.

Sport psihologlary hem şeýle esbaplarda futbolçylaryň özlerini aňasty has tiz duýýandyklaryny we pas berenlerinde egindeşlerini aňsat saýgarýandyklaryny tassyklaýar.

Düzgünden çykýan esasy ýagdaýlar

Oýunçylaryň köpüsi hemaýatkärlik şertnamalarynyň şertlerine görä gülgüne modelleri geýmäge borçludyr, eminler bolsa FIFA-nyň düzgünnamasyna laýyklykda adaty gara aýakgaplarda galýar. Ýöne käbir ýyldyz futbolçylar meýdança ýörite dizaýndaky aýakgaplarda çykdy:

  • Lionel Messi (Argentina): Adidas brendiniň El Último Tango («Iň soňky tango») diýlip atlandyrylan we onuň öňki çempionlyk gazanan dünýä çempionatyna yşarat edýän ak-gök reňkli, altyn öwüşginli butsyda oýnaýar. Bu stil Messiniň DÇ-2006-da ilkinji gezek geýen aýakgabyndan ylham alyp taýýarlanyldy.
  • Kristian Pulişiç (ABŞ): Amerikan baýdagynyň stilindäki, gök ýyldyzly ak reňkli Puma butsysyny saýlap aldy.


Dünýä çempionatlarynda reňkli aýakgaplaryň taryhy

Gülgüne reňk ýaryşlarda öňem peýda bolupdy, ýöne munuň ýaly köpçülikleýin häsiýete eýe däldi. Braziliýada geçirilen DÇ-2014-de Puma kompaniýasy Tricks atly hataryny hödürläpdi. Onda butsynyň biri gülgüne, beýlekisi bolsa gök reňkdedi. Olary Mario Balotelli, Ýaýa Ture, Sesk Fabregas, Serhio Aguero, Marko Roýs we Radamel Falkao ýaly oýunçylar geýdi.

Soňra Balotelli beren interwýusynda ilkibaşda bu pikiri geň görendigini, ýöne soň özüne-de ýarandygyny boýun alypdy.

DÇ-1970-däki Peleniň wakasy aýakgap bilen baglanyşykly iň belli täjirçilik ädimi bolup galýar. «Daily Mail» neşiriniň maglumatlaryna görä, Peru bilen bolan oýnuň öň ýanynda braziliýaly oýunçy aýakgabynyň bagjygyny daňmak üçin eminden oýny saklamagy ýörite haýyş edipdir. Kameralar bolsa uly planda onuň Puma King butsylaryny görkezipdir. Bu mahabat hereketi üçin kompaniýa futbolça 120 müň dollar töläpdir, şeýle hem şowly kadr üçin telewideniýäniň operatoryny sylaglapdyr.


düýn 14:17
5.4k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 09:54
1.7k+

«Milan» Ruben Amorimi baş tälimçi wezipesine belledi

Italiýanyň «Milan» futbol kluby portugaliýaly hünärmen Ruben Amorimi toparyň baş tälimçisi wezipesine belländigini resmi taýdan yglan etdi. Şertnamanyň möhleti barada klub takyk maglumat bermedi....

17.06.2026 13:03
16k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......