Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň bäşinji setirinde duran britaniýaly Simeon Pawell bolar.
Ýaryş Long-Aýlenddäki UBS Arena meýdançasynda guralar. Agşamyň esasy wakasy Usman Nurmagomedowyň (21-0) Arçi Kolgana (13-0) garşy tutluşykda ýeňil agramda PFL-iň çempionlyk titulyny goramagy bolar.
Ýagşymyradow häzirki wagtda ýarym agyr agramly söweşijileriň reýtinginde ikinji orunda durýar. Aprel aýynda PFL Belfast ýaryşynda geçiren iň soňky söweşinde türkmen türgeni awstraliýaly Taýson Pedrony eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňdi. Üçünji raundda Pedro wagtyndan öň ýeňiş gazanmaga gaty golaý geldi, ýöne Ýagşymyradow özüni dürsemegi başardy, garşydaşyny partere geçirdi we duşuşygyň ahyryna çenli artykmaçlygyny saklady. Pedrony ýeňmegi oňa PFL-däki netijesini dört ýeňiş we bir ýeňliş derejesine ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Mundan ozal, 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda PFL Champions Series 3 ýaryşynda Ýagşymyradow çempionlyk ugrundaky söweşde amerikaly Kori Andersondan eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňlipdi.
Ýagşymyradow professional karýerasynda jemi 26 ýeňiş gazandy, sekiz gezek ýeňildi we ýene bir duşuşyk deňme-deňlikde tamamlandy.
