«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

  • 17.04.2026 09:31
  • 24k+

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy.

Tutluşyk üç raund dowam etdi. Birinji raundda Ýagşymyradow has takyk hereket edip, aýak we el urgularyny netijeli ulandy, raundyň ahyrynda bolsa garşydaşyny partere geçirdi. Ikinji tapgyrda ol aýak üstünde ynamly işlemegini dowam etdirdi we takyk garşylykly urgulary indirip, söweşiň gidişini öz elinde saklady. Üçünji raundda Pedro basyşy artdyryp, birnäçe urgular bilen Ýagşymyradowy sarsdyryp bildi. Ýöne türkmen pälwany özüni dürsemegi we söweşi ýene-de partere geçirmegi başaryp, tä söweşiň ahyryna çenli artykmaçlygyny saklady.

Üç raundyň netijesi boýunça eminler 29–28 hasabynda ýeňşi biragyzdan Ýagşymyradowa berdi.

Söweşden soň berlen interwýuda türkmen pälwanyndan: «Iň soňky raundda näme boldy? Hemme zat tamamlanan ýalydy. Sen şol ýerde saklanan ýaly göründiň. Bu gaty töwekgelçilikli boldumy?» – diýip soradylar.

Döwletjan bolsa: «Ol [Pedro] güýçli we ýokary derejeli garşydaş. Käwagt ähli zady ýekeje urgy çözüp bilýär. Mümkin, şol urgy meni seňseledendir» diýip jogap berdi.

Indi kim bilen duşuşmak isleýändigi baradaky soraga bolsa ýeňiji şeýle jogap berdi: «Men islendik adam bilen duşuşmaga taýýar. Islendik söweşiji bilen, dost, islendik. Men belli biriniň adyny tutjak däl. Guramaçylar maňa kimi berseler — men elmydama taýýar... Eger maňa "Döwlet, iki hepdeden söweşiň bar" diýseler, men "bolýar, mesele ýok" diýerin. Söweş — meniň ömrüm. Men tutluşygy gowy görýärin» diýdi. Şondan soňra ol özüni goldanlaryň hemmesine, şeýle hem öz ýurduna we döwlet Baştutanyna minnetdarlyk bildirdi.

Agşamyň esasy söweşinde täze zelandiýaly Jeý Jeý Uilson birinji raundyň 37-nji sekuntynda çep eliniň takyk urgusy bilen irlandiýaly Darrag Kellini nokauta düşürdi.

Esasy tutluşykdan öňki duşuşykda bolsa Demirgazyk Irlandiýanyň wekili Ris Makki eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen Aleks Lohoreni ýeňdi – 30-27.


18.06.2026 14:40
4.2k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....