Döwletjan oktagona dolanýar: Ýagşymyradow bilen Taýsonyň güýji deň gelermi

  • 15.04.2026 19:50
  • 23k+

16-njy aprelde (Aşgabat wagty bilen 17-nji aprel) Belfastyň (Demirgazyk Irlandiýa) «SSE Arenasynda» türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradowyň urşy bolar. Bu gezek PFL oktagonynda oňa awstraliýaly Taýson Pedro garşy çykar.

Bu ýöne bir söweş däl-de, biri-birine meňzemeýän söweşijileriň ýolunyň çaknyşygydyr: bir tarapda güýçli we hemmetaraplaýynlygy bilen tapawutlanýan türkmen çempiony, beýleki tarapda bolsa özüni tanatmaga dyrjaşýan UFC-niň öňki söweşijisi dur.

Pedro üçin bu PFL-de ilkinji söweşi bolar.

ACA-nyň altyn medalyny alan we 2024-nji ýylda PFL-iň Gran-prisinde ýeňiş gazanan Döwletjan bu söweşe ýeňliş bilen barýar. Geçen ýylyň oktýabr aýynda ol eminleriň çözgüdi bilen amerikaly Kori Andersondan ýeňlipdi. Indi ol öz hasabyndaky 25 ýeňşiň soňky sepgit däldigini subut etmekçi.

Gyzykly tarapy, awstraliýaly türgen tutuş iki ýyllap MMA kadalary boýunça söweşmedi. Onuň soňky söweşi 2024-nji ýylyň martynda UFC Fight Night 238 ýaryşynda bolup, ol Witor Petrinodan eminleriň biragyzdan gelen çözgüdi bilen ýeňlipdi. Onuň hasabynda on ýeňiş we bäş ýeňliş bar.

Ýagşymyradow Andersondan ýeňilmezden ozal, yzly-yzyna ýedi ýeňiş gazandy. Has-da PFL Gran-prisiniň öňki eýeleri Rob Wilkinsony we Impa Kasanganaýy ýeňmegi aýratyn täsirli boldy. Bilermenler we bukmekerler biragyzdan Döwletjana artykmaçlyk berýär: onuň aralygy saklap bilmek we garşydaşyny öz wagtynda ýere ýykyp bilmek ukyby awstraliýalynyň göni hüjümlerinden has ynandyryjy görünýär.

Ýaryşyň esasy kardy 17-nji aprelde, çen-takmyn, Aşgabat wagty bilen sagat 04:00-da başlar.


18.06.2026 22:41
8.4k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......