Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

  • düýn 22:41
  • 2k+

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy habar berdi.

Söweş 16-njy awgustda Filadelfiýada geçiriljek UFC 330 ýaryşynyň esasy wakasy bolar.

Mahaçew üçin bu, ýarym orta agram derejesinde çempionlyk guşagyny gazanandan soňky nobatdaky çykyşy bolar. Häzirki wagtda russiýaly türgen UFC-de 16 ýeňişden ybarat seriýa bilen barýar. Onuň hasabynda jemi 28 ýeňiş we bir ýeňliş bar.

Mahaçew soňky söweşini Nýu-Ýorkda geçirilen UFC 322 ýaryşynda awstraliýaly Jek Della Maddalena garşy geçiripdi.

Çempionlyk guşagy ugrundaky bu söweş russiýaly türgeniň eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi bilen ýeňiş gazanmagy netijesinde tamamlandy.

Ien Gerri bolsa soňky söweşini 22-nji noýabrda Katarda geçirilen UFC ýaryşynda geçirip, eminleriň biragyzdan çykaran çözgüdi bilen Belal Muhammady ýeňdi. Irlandiýaly türgeniň professional karýerasynda 17 ýeňiş (onuň sekizisi möhletinden öň gazanyldy) we bir ýeňliş bar.


16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

15.06.2026 15:42
10k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

15.06.2026 14:57
5.6k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....