Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi.
Agyr agram derejesinde wagtlaýyn çempionlyk guşagy üçin geçirilen ýaryşyň esasy söweşleriniň birinde Aleks Pereýra fransiýaly Siril Gandan möhletinden ir ýeňlip, UFC-de üç agramda çempionlyk titulyny gazanan ilkinji söweşiji bolmak mümkinçiligini elden gidirdi.
Duşuşygyň aýgytlaýjy pursady eýýäm ikinji raundda ýüze çykdy. Ilki fransuz söweşijisi garşydaşlaýyn jeb urgusy bilen braziliýalyny aşak oturtdy, soňra ony aýak üstünde uzak wagtlap urmagyny dowam etdirdi. Netijede, emin Herb Din 1:27 minutda tutluşygy saklap, Ganyň tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanandygyny hasaba aldy.
Tutluşykdan soňky interwýuda Siril Gan wagtlaýyn çempionlyk guşagy bilen birlikde baýramçylyk çäresiniň ýörite ýadygärlik guşagyny hem alyp, islendik bäsdeşlige, şol sanda agramyň häzirki çempiony Tom Aspinall bilen rewanşa taýýardygyny mälim etdi.
Aleks Pereýra barada aýdylanda bolsa, agyr agram derejesindäki ilkinji şowsuz synanyşygyndan soň, gamgyn haldaky braziliýaly söweşiji bu agramda çykyşlaryny dowam etdirmelimi ýa-da öň çempionlyk guşagyny tabşyran ýarym agyr agram derejesine dolanmalymy — bu barada oýlanmagy wada berdi.
Gan 36 ýaşynda. Indi onuň hasabynda MMA-da 2 ýeňliş we 14 ýeňiş bar. Oktýabr aýynda fransuz söweşijisi UFC-de üçünji çempionlyk söweşini geçiripdi, onuň garşydaşy bolsa guramanyň agyr agramdaky häzirki çempiony britaniýaly Tom Aspinall boldy. Ýöne Ganyň barmagynyň garşydaşynyň gözüne girmegi sebäpli bu duşuşyk geçirilmedik diýlip ykrar edildi. 2022-nji ýylyň ýanwarynda fransuz söweşijisi kamerunly Fransis Ngannudan eminleriň biragyzdan beren çözgüdi bilen ýeňildi, 2023-nji ýylyň martynda bolsa amerikan Jon Jonsa garşy söweşde birinji raundda demikdiriji usul bilen ýeňildi.
Pereýra 38 ýaşynda, ol MMA-da 13 ýeňiş gazanyp, 4 gezek ýeňildi. Braziliýaly söweşiji soňky tutluşygyny oktýabr aýynda geçirip, russiýaly Magomed Ankalaýewi nokaut bilen ýeňipdi we ýarym agyr agramdaky titulyny yza gaýtardy. Soňra ol guşagyny goýup, başga bir agram derejesine geçdi. Pereýra öz karýerasynyň dowamynda orta agram derejesinde hem UFC-niň çempiony bolupdy.


