Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

  • 09.06.2026 08:03
  • 16k+

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular.

Şikaýatçylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň UFC-niň ýolbaşçysy Dana Uaýta we onuň guramasyna Ak tama hem-de Linkoln ýadygärligine täjirçilik sport çäresini geçirmek üçin bilgeşleýin rugsat berendigini öňe sürýärler. Olaryň pikiriçe, UFC, onuň hyzmatdaşlary we ýaryşy ýaýlyma berýän Paramount kompaniýasy federal emlägi ulanmak arkaly uly täjirçilik bähbitlerini görüp bilerler.

Arzçylar hereket edýän kanunçylygyň, eger çäre döwlet tarapyndan guralmadyk bolanlygynda, federal desgalary hususy bähbit üçin ulanmagy gadagan edýändigini belleýärler. Bu kazyýet işini goldaýan «Public Integrity Project» guramasy jemgyýetçilik meýdançalarynyň hususy kompaniýalaryň bähbidine ulanylmaly däldigini mälim etdi.

ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanan UFC ýaryşy 14-nji iýuna meýilleşdirildi. Onuň esasy wakalary hökmünde ýeňil we agyr agram derejelerinde çempionlyk guşagy ugrundaky tutluşyklar göz öňünde tutulýar.


düýn 09:33
7.6k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......

10.06.2026 16:26
5.9k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

07.06.2026 11:02
11k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......