Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler wnedorožnigini mugtuna paýlajakdygyny wada berdi. Emma awtoulag almak her kime nesip edip durmaz.
Sowgady diňe Amerikanyň ilkinji prezidenti Jorj Waşington bilen doly atdaş bolan ABŞ-nyň ýaşaýjylary alyp bilerler.
Mundan başga-da, utuşly oýna gatnaşmak üçin, bar bolan Jorj Waşingtonlar aksiýanyň ýörite döredilen web sahypasynda hasaba durmaly bolarlar.
ABŞ-nyň beýle atly-familiýaly raýatlarynyň anyk näçe sanysynyň bardygy belli däl, ýöne Waşington familiýasynyň giňden ýaýrandygyny bellemek gerek.
"Ýöne, bar zady şeýdip çylşyrymlaşdyrmak zerurdymyka?" diýip, The Drive sowal berýär. Bukmekerler Amerikanyň toparynyň ýaryşda ýeňiş gazanmak mümkinçiligine gaty ýokary baha bermeýärler, ähtimallygy 60:1.