ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada CBS News habar berýär.
Okrug kazysy Leo Sorokin sentýabrda girizilen bu düzgünden şikaýat eden 20 ştatyň talabyny kanagatlandyrdy. Ol administrasiýanyň öz ygtyýarlyklaryndan çykandygyny we Kongresiň rugsadyny alman, iş ýüzünde täze salgyt girizendigini kesgitledi.
1990-njy ýylda Kongres tarapyndan döredilen H-1B maksatnamasy kompaniýalara daşary ýurtly hünärmenleri 6 ýyla çenli möhlet bilen işe almaga mümkinçilik berýär. Ýyllyk kwota 65 müň wizany düzýär, şeýle hem ýokary derejeli hünärmenler üçin goşmaça 20 müň wiza göz öňünde tutulandyr. Häzirki wagtda iş berijiler üçin tölegler adatça 1,7 müňden 4,5 müň dollara çenli aralykda bolýar.
Bu goşmaça töleg ABŞ-nyň çäginden daşarda bolan täze dalaşgärlere degişlidi. Kazyýet işini gozgan taraplaryň pikiriçe, bu çäräniň bilim we lukmançylyk edaralaryna ökde hünärmenleri çekmegi kynlaşdyrmagy mümkin.
Içeri howpsuzlyk ministrligi bolsa kazyýetiň çözgüdini tankyt etdi we tölegleriň ýokarlandyrylmagynyň ABŞ-nyň zähmet bazaryny goramaga gönükdirilendigini mälim etdi.