Oregon tokaýlyklarynyň aşagynda Ýerdäki iň uly janly organizm tapyldy: onuň 8500 ýaşy bar

  • 02.06.2026 11:43
  • 4.7k+

Amerikanyň Oregon ştatyndaky Malýer milli tokaýlygynyň çäklerinde ýerleşýän ägirt uly «Armillaria ostoyae» kömelek köki Ýer ýüzündäki iň uly janly organizm diýlip ykrar edildi.

Gözlegçileriň çaklamalaryna görä, bu bitewi organizm takmynan 2385 akr, ýagny tas 9,5 inedördül kilometr meýdany tutýar. Geçirilen ylmy işleriň maglumatlarynda kömelek köküniň ýaşy 2000-den 8500 ýyla çenli, onuň umumy agramy bolsa 7500-den 35 müň tonna aralygynda diýlip kesgitlenilýär. Alymlar bu ýerasty ulgamyň doly durnukly bitewi bir genetiki organizmdigini belleýärler.

Açyşa 1988-nji ýylda tokaý patology Greg Wippliň Oregonuň gündogaryndaky iňňeýaprakly agaçlaryň köpçülikleýin guramagyny öwrenip başlamagy sebäp bolýar. Geçirilen seljermeler sosnalaryň we pinalaryň guramagyna «Armillaria ostoyae» diýlip atlandyrylýan parazit kömeleginiň sebäp bolandygyny görkezdi. Bu jandaryň esasy bölegi ýeriň aşagynda gizlenendir we ol şaha-şaha torlardan ybaratdyr. Kök her ýyl 20–100 santimetr töweregi giňeýär we agaçlaryň köklerine aralaşyp, olaryň iýmit şireleri bilen iýmitlenýän dykyz gara gurluşlaryny – rizomorflary emele getirýär.

Tokaýyň dürli künjeklerinden ýygnalan nusgalaryň we dokumalaryň özara deňleşdirilmegi netijesinde, bu kömelek köküniň hakykatdan hem bitewi bir organizmdigi subut edildi. Alnan ähli nusgalar hiç hili genetiki gapma-garşylyksyz biri-birine doly gabat geldi we olaryň gelip çykyşynyň birdigini görkezdi. Köküň ýaşy bolsa, onuň ýaýraýan meýdanyna we ösüş tizligine esaslanyp, matematiki modelirleme usulynyň kömegi bilen hasaplanyldy.


şu gün 14:28
214

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
3.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......