ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň iki düzüminiň – ÝUNISEF-iň (218 million dollardan gowrak), Bütindünýä Azyk maksatnamasynyň (800 million) arasynda paýlandy.
Maliýeleşdirme 40-dan gowrak ýurdy goldamaga gönükdirilendir. Waşington olara azyk, iýmit, saglygy goraýyş, çagalary goramak, logistika, şeýle hem suw üpjünçiligi we sanitariýa ugurlarynda kömek etmegi wada berýär.
ABŞ ozalky ownuk we dagynyk mailýe goldawlaryň ulgamynyň ýerine «global makrograntlar» nusgasyny ulandy. Döwlet departamenti ozalky usuly netijesizligi, çykdajylaryň köplügi we garaşylmadyk ýagdaýlar sebäpli tankyt edipdi. Täze ulgam kömegi has çalt paýlamaga we netijäni takyk ölçemäge mümkinçilik berýär.
«Ýerine ýetirijiler örän tiz – käbir ýagdaýlarda 24 sagadyň dowamynda ABŞ-nyň salgyt töleýjileriniň serişdelerini mätäç adamlara dessine ýetirip bilýärler» diýip, departamentde bellediler.
Bu pul serişdeleri prezident Donald Trampyň döwründe başlanan BMG bilen hyzmatdaşlyk reformasynyň çägindäki üçünji maiýe kömegidir. Mundan ozal dekabrda 2 milliard dollar, maý aýynda bolsa 1,8 milliard dollar bölünip berlipdi.
CNN-iň maglumatlaryna görä, barybir häzirki maliýeleşdirme möçberi ABŞ-nyň ýyllyk kömeginiň 17 milliard dollara ýeten ozalky görkezijilerinden ep-esli azdyr.
Prezident Trampyň ikinji möhletinde käbir maksatnamalaryň gysgaldylmagyna garamazdan, Döwlet departamenti ABŞ-nyň dünýäde iň uly ynsanperwer kömegini berýän donor (şol sanda BMG-niň çäginde hem) derejesini saklap galýandygyny nygtaýar.