Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmekde eneleri goldamaga gönükdirilen milli kampaniýa badalga berdi.
2026-njy ýylyň maý-awgust aýlary aralygynda dowam etjek bu çäre ene süýdi bilen iýmitlendirmek barada ygtybarly maglumatlary ýaýratmaga, eneler üçin maslahat beriş goldawyny ösdürmäge, maşgalalary we ýerli jemgyýetçilikleri bu işe çekmäge gönükdirilendir. Kampaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hatarynda ilkinji saglygy goraýyş-sanitariýa edaralary, Zenanlar birleşigi, milli KHBS we hususy pudak bar.
Bu başlangyç ýurtda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijileriniň peselmegine jogap hökmünde amala aşyrylýar. Köp sanly görkezijiler boýunça Klaster barlagyna (MICS) laýyklykda, täze doglan çagalaryň 84,7 göterimi doglandan soňky birinji sagatda ene süýdi bilen iýmitlendirilýär. Emma ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirilen çagalaryň paýy 2019-njy ýyldaky 56,5 göterimden 2024-nji ýylda 35,5 göterime çenli peseldi.
Ömrüniň ilkinji alty aýynda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmek çaganyň immunitetini berkidýär, kesellerden goraýar, beýniniň ösmegine ýardam edýär hem-de ene bilen çaganyň arasyndaky duýgy baglanyşygyny güýçlendirýär. Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň bellemegine görä, ene süýdi çaga üçin iň oňat iýmit bolup, ol sagdyn ösmäge we kemala gelmäge ýardam edýär.
ÝUNISEF tarapyndan 2025-nji ýylda geçirilen barlag ene süýdi bilen iýmitlendirmäge päsgel berýän esasy bökdençlikleri ýüze çykardy, olaryň hatarynda çaga dogrulýan edaralardan öýe ugradylandan soň maslahat beriş hyzmatlarynyň elýeterliliginiň çäkliligi, internetde nädogry maglumatlaryň ýaýramagy, zähmet şertleri we maşgala goldawynyň ýetmezçiligi bar.
Bu meseleleri çözmek üçin kampaniýa düşündiriş çärelerini geçirmegi, saglygy goraýyş işgärlerini we jemgyýetçilik geňeşçilerini okatmagy, maşgalalary bu işe çekmegi hem-de iş berijileriň syýasaty arkaly eneleri goramak çärelerini güýçlendirmegi göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda sosial ulgamlar we telewideniýe arkaly ýaýradylýan wideoroliklere eýýäm 15 000-den gowrak gezek tomaşa edildi.
ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Jalpa Ratna eneleri goldamagyň umumy jogapkärçilikdigini, olaryň diňe bir lukmanlaryň däl, eýsem maşgalanyň we ýerli jemgyýetçilikleriň, iş berijileriň hem goldawyna mätäçdigini nygtady.
Tutuş tomus paslynda dowam etjek kampaniýa her ýylyň 1-7-nji awgusty aralygynda geçirilýän Bütindünýä ene süýdi bilen iýmitlendirmek hepdeliginiň çäklerinde tamamlanar. Şol döwürde ilat arasynda düşündiriş işlerini geçirmek, iş berijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem kampaniýanyň netijelerini we eneleri goldamagyň geljekki ädimlerini ara alyp maslahatlaşmak üçin milli «tegelek stol» mejlisini guramak meýilleşdirilýär.
Döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirýän bu taslama ene süýdi bilen iýmitlendirmegiň görkezijileriniň peselmek meýlini aradan aýyrmaga we her bir enäniň zerur goldawy almagyna ýardam eder.