Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

  • şu gün 21:13
  • 677

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky dostlugyň, medeni diplomatiýanyň hem-de rus medeniýetine goýulýan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde amala aşyryldy.

Ölçegi 2 x 1,5 metr bolan täze halyda ussat halyçylar Lukomorýäni, Altyn horazy, «Patyşa Soltan hakyndaky ertekiniň» gahrymanlaryny we beýik şahyryň eserlerinden beýleki belli keşpleri şekillendirdi. «El Darak» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ogulgerek Durdyýewanyň bellemegine görä, bu eser rus edebi däpleri bilen türkmen halyçylyk sungatynyň köp asyrlyk mirasyny birleşdirip, medeni dialog üçin giň mümkinçilik döredýär.

Elde dokalýan halylary öndürmek bilen meşgullanýan «El Darak» kompaniýasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen bilelikde gadymy haly dokamak tehnologiýalaryny dikeltmek ugrunda yzygiderli iş alyp barýar.

Türkmen halysynyň baýramy 1992-nji ýyldan bäri döwlet derejesinde bellenilip gelinýär. Aşgabatda iki müň töweregi seýrek eksponaty özünde jemleýän Türkmen halysynyň milli muzeýi hereket edýär we bu ýerde Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň ştab-kwartirasy ýerleşýär.

2019-njy ýylyň dekabrynda türkmen halyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.


şu gün 22:10
201

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

şu gün 15:47
5k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

şu gün 12:26
615

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

13.06.2026 15:15
1.6k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......