Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

  • düýn 22:10
  • 1.3k+

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy boldy.

Ýaryşlar şweýsar ulgamy boýunça geçirildi. Olara 21 ýurtdan 210 küştçi, şol sanda 23 sany grossmeýster gatnaşdy. Open ýaryşynda Agamyradowa 6 utuk toplap, umumy hasapda 15-nji orny eýeledi we bäsleşige gatnaşan ähli zenan küştçüleriň arasynda iň ýokary netijäni görkezdi.

Çykyşlaryň netijeleri boýunça, onuň FIDE reýtingi 83,2 punkt ýokarlanyp, aýal-gyzlaryň arasynda FIDE ussady diýen ada laýyk gelýän derejä ýetdi. Mähri Agamyradowa 16 ýaşynda bolup, ol Türkmenabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebiň 10-njy synpynda okaýar.

Şeýle hem reýting görkezijileriniň oňyn ösüşini Ogulsuraý Baýrambaýewa (+8,2 punkt), Jahan Rejepowa (+26,8 punkt) we Leýla Şöhradowa (+5,2 punkt) görkezdi.

«Masters» kategoriýasynda Türkmenistana Amanmuhammet Hommadow wekillik etdi. Ýaryşyň netijeleri boýunça ol öz reýtingini 10,6 punkt ýokarlandyrmagy başardy we halkara ussadyň normasyny ýerine ýetirmäge golaýlaşdy.

Milli ýygyndy üçin indiki uly bäsleşik sentýabr aýynda Samarkantda geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasy bolar.


düýn 21:13
1.7k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......

düýn 15:47
6.3k+

Türkmenistanda howa ýagyşly we yssy bolar

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy şu hepde ýurtda boljak howa barada maglumat berýär....

düýn 12:26
691

Türkmenistanyň wekiliýeti Bonndaky klimat maslahatyna gatnaşýar

Daşary gurşawy goramak ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Howanyň üýtgemegi boýunça BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasynyň kömekçi düzümleriniň 64-nji mejlisine (UNFCCC SB64)......

13.06.2026 15:15
1.6k+

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......