Barlaglar kagyz kitaplary okamagyň garaşylmadyk artykmaçlyklarynyň bardygyny görkezdi

  • 17.06.2026 10:36
  • 1.9k+

Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar. Barlagyň netijeleri PLOS One žurnalynda çap edildi.

Synaga 25 talyp gatnaşdy. Olar manganyň (ýapon komiksiniň) birinji bölegini hem kagyz görnüşde, hem planşetde okadylar. Soňra gatnaşyjylar wakanyň ikinji bölegi bilen tanyşdylar we şol wagtyň özünde beýniniň MRT (magnit-rezonans tomografiýa) skanirlenmesinden geçip, mazmun boýunça soraglara jogap berdiler.

Jogaplaryň takyklygy iki toparda-da deň çykdy. Muňa garamazdan, planşetde okan gatnaşyjylara wakanyň dürli böleklerindäki maglumatlary jemläp, jogap bermek üçin has köp wagt gerek boldy.

Skanirleme kagyz kitaplary okanlaryň beýnisinde dili gaýtadan işlemek we wakalary yzygiderli baglanyşdyrmak üçin jogapkär bölümleriň işjeňliginiň pesdigini görkezdi. Alymlaryň pikirine görä, bu beýniniň maglumatlary özleşdirmek üçin has az güýç sarp edýändigini görkezýär.

Barlagyçlar bu täsiri kitabyň fiziki aýratynlyklary bilen baglanyşdyrýarlar. Kitabyň fiziki görnüşi adama mazmunyň gurluşy barada giňişleýin düşünje almaga we wakalardan has oňat baş çykarmaga kömek edýär.


şu gün 19:40
62

Çagalarda uky ýetmezçiligi bilen ýetginjeklik döwründäki depressiýanyň arasynda baglanyşyk tapyldy

Birmingem uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlagy çagalykdaky uky ýetmezçiliginiň ýetginjeklik we ýaşlyk döwründe depressiýanyň ösüş töwekgelçiligini iki esse artdyryp biljekdigini görkezdi. Bu barada......

17.06.2026 11:37
4.7k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:24
6.3k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

17.06.2026 11:22
871

VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilýär

Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli guralan VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi......