Ýewraziýa Ýazyjylar Birleşiginiň döredilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli guralan VIII Halkara Mahmyt Kaşgarly Hekaýa bäsleşigine hekaýalar kabul edilip başlandy. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi mälim etdi.
Bäsleşige ozal metbugatda çap edilmedik we başga döredijilik bäsleşiklerinde baýrak almadyk hekaýalar kabul edilýär.
Guramaçylar işleriň özboluşly bolmalydygyny aýratyn nygtaýar. Emeli aňyň kömegi bilen taýýarlanan eserleriň bäsleşige gatnaşmagyna rugsat berilmeýär.
Her bir gatnaşyjy bäsleşige iki sany dürli temalarda ýazan hekaýalaryny hödürläp biler. Eserleriň hersiniň möçberi 1 000 sözden 7 500 söze çenli bolmalydyr.
Tekst kompýuterde 12-lik şriftde ýazylmaly. Hekaýanyň başynda awtoryň edebi lakamyny görkezmek hökmandyr.
Arzalary we resminamalary tabşyrmagyň tertibi
Bäsleşige gatnaşýan hekaýalar (çap edilen we elektron görnüşde), şeýle hem resminamalar toplumy 2026-njy ýylyň 31-nji iýulyna çenli Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň sanly-medeniyet@sanly.tm elektron salgysyna iberilmelidir.
Talap edilýän resminamalaryň sanawy:
- Pasportyň nusgasy;
- Terjimehal;
- Edebi lakam;
- Fotosurat;
- Ýaşaýan salgysy;
- Işleýän ýa-da okaýan ýeri;
- Telefon belgisi.
Bäsleşige iberilen hekaýalar yzyna gaýtarylyp berilmeýär. Seljeriş işleri geçirilenden soň, iň gowy eserler Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) arkaly Guramaçylar toparyna iberiler.
Bäsleşigiň ýeňijileri üçin aşakdaky pul baýraklary göz öňünde tutuldy:
- 1-nji orun: 45 000 türk lirasy (takmynan, $970)
- 2-nji orun: 25 000 türk lirasy (takmynan, $540)
- 3-nji orun: 15 000 türk lirasy (takmynan, $320)
- Höweslendiriji baýrak: 10 000 türk lirasy (takmynan, $215)
Bäsleşigiň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 20-nji noýabrynda yglan ediler. Baýraklary gowşurmak dabarasy bolsa 2026-njy ýylyň 8-nji dekabrynda geçiriler.