«Tagtlar oýny» romanyny 30 ýyllygy mynasybetli aždarha derisinden jiltläp, gaýta neşir ederler

  • şu gün 15:41
  • 377

Folio Society neşirýaty Jorj R. R. Martiniň «Tagtlar oýny» («Игра престолов») romanynyň kaşaň görnüşli kolleksiýa neşiriniň çykaryljagyny yglan etdi. Kitabyň çykmagy meşhur fentezi tapgyrynyň başlangyjy bolan «Buzuň we oduň aýdymy» toplumynyň ilkinji romanynyň çap edilmegine 30 ýyl dolmagy mynasybetli meýilleşdirilýär.

Söwdalar 2026-njy ýylyň 14-nji iýulynda başlar. Neşir diňe 1000 sany belgilenen nusgadan ybarat çäkli möçberde çykar. Bahasy 2200 dollar bolan her bir nusga, tyllaýy nagyşlar bilen bezeler we belliklenen sahypanyň ýüzüne Martiniň özi tarapyndan şahsy gol çekiler. Kitabyň daşky jildi hakyky deri bilen örtülen, aždarha hamyna meňzeş tagtalardan ýasalar. Sahypalaryň gyralaryna-da altyn çaýylar.

Kitap ýörite dizaýnda ýasalan gabyk-gutuda hödürlener. Gutynyň içki tarapy mahmal bilen örtüler, onuň içinde karta üçin ýörite gizlin bölüm göz öňünde tutulandyr.

Ýubileý kitaby 872 sahypadan ybarat bolar. Romanyň şekil bezeglerini suratkeş Jonatan Býurton ýerine ýetirdi. Giriş sözüni bolsa Martiniň kärdeşi, meşhur fentezi romanlarynyň awtory Jo Aberkrombi ýazdy.


02.06.2026 20:48
1.6k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......

24.05.2026 15:35
11k+

13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat......

23.05.2026 19:51
1.4k+

BBC Agata Kristiniň eserleri esasynda Erkýul Puaro barada täze serial çykarar

Britaniýanyň BBC teleradiokompaniýasy Agata Kristiniň eserlerine esaslanyp, aňtawçy Erkýul Puaro barada täze serial taýýarlaýar. Birinji möwsümiň ilkinji görkezilişine 2027-nji ýylyň ikinji ýarymynda......

23.05.2026 11:12
5.1k+

«Çokundyran ata» dowam edýär

Dünýä belli Random House neşirýaty «Çokundyran ata» ("The Godfather") romanynyň älemine degişli täze kitabyň çap ediljekdigini mälim etdi. «Konni» diýlip atlandyrylan bu täze roman 2027-nji ýylyň güýzünde......