13 ýaşly özbek mekdep okuwçysy kitaba bolan söýgüsi üçin BYD Chazor-a mynasyp boldy

  • 24.05.2026 15:35
  • 11k+

Özbegistanyň Buhara welaýatynyň Peşkun etrabyndan 13 ýaşly Farzona Nasirowa respublika derejesinde geçirilen "Ýaş kitaphon" (Yosh kitobxon) bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew tarapyndan BYD Chazor awtoulagyny sowgat aldy.

Bu bäsleşik ýurtda zehinli ýaşlary goldamak, olaryň dünýägaraýşyny giňeltmek we kitap okamak medeniýetini ösdürmek maksady bilen döwlet Baştutanynyň başlangyjy boýunça geçirilýär. Farzona Nasirowa bu üstünlige ýetmeginde maşgala goldawynyň, terbiýäniň we ene-atasynyň söýgüsiniň uly täsiriniň bardygyny belledi. Onuň kakasy içeri işler edarasynda gözegçi bolup işleýär.

Özbegistanyň Içeri işler ministri mekdep okuwçysynyň maşgalasyna baryp, ony ýeňşi bilen gutlady we Prezidentiň sowgady bolan awtoulagy hem-de beýleki gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy.

2017-nji ýylda badalga berlen "Ýaş kitaphon" bäsleşigi 10-14, 15-19 we 20-30 ýaş aralygyndaky raýatlaryň arasynda geçirilýär. Döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan üç adama awtoulag sowgat berilýär. Şeýle hem ýurtda "Ýaş kitaphon maşgala" (özb. Yosh kitobxon oila) bäsleşigi hem hereket edýär.

Mundan öň, 22-nji maýda Şawkat Mirziýoew mekdep okuwçylarynyň arasynda "Milli kitap okamak hereketi" maksatnamasynyň başlanandygyny yglan etdi. Bu taslamanyň esasy hökmünde 2015-nji ýylda BAE-de şeýh Muhammad bin Raşid Al Maktumyň başlangyjy bilen döredilen "Arap kitap bäsleşigi" (Arabian Reading Challenge) alyndy.

Täze maksatnamanyň umumy baýrak gory 240 müň dollar bolup, baş baýragyň eýesi 50 müň dollar alar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň her ýyl Prezidentiň öz gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Maksatnamanyň tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş eden Şawkat Mirziýoew bu taslama ýurduň geljegine goýulýan "strategik maýa goýumy" hökmünde garaýandygyny aýtdy. Onuň aýdyşy ýaly, kitap okamak medeniýetini ösdürmek diňe bir bilim bilen çäklenmän, eýsem jemgyýetiň pikirlenişini we geljegini kemala getirmek bilen hem gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Döwlet maksatnamasynyň çäginde Özbegistanda Kitap okamak medeniýetini ösdürmek gaznasy hem döredilýär. Şeýle hem döwlet edaralarynda "kitap burçlary" açylýar, ýörite kitap okamak sagatlary we iň işjeň okyjylary höweslendirmek ulgamy girizilýär.


04.06.2026 17:17
6k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......

03.06.2026 23:15
3.8k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 18:04
2.4k+

A.S.Puşkin adyndaky teatr Russiýada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy....

02.06.2026 20:48
1.6k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......