Paýtagtymyzdaky A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatry 2026-njy ýylyň 22-nji we 31-nji maýy aralygynda geçirilen «Melihowo bahary» atly XXVI halkara teatr festiwalyna gatnaşdy.
Bu festiwal Moskwa oblastynyň Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň goldamagynda A.P.Çehowyň «Melihowo» döwlet edebi-ýadygärlik muzeý-goraghanasy tarapyndan guraldy hem-de Anton Çehowyň döredijiligine bagyşlandy.
Guramaçylaryň berýän maglumatyna görä, festiwalyň dowamynda ondan gowrak ýurtdan teatr toparlary jemi 27 sahna oýnuny görkezdi.
Türkmenistanyň teatry bu ýerde režissýor B.Garajaýewiň sahnalaşdyran «Çehowyň degişmeleri» (Чеховские водевили) atly sahna oýnuny hödürledi. Sahna eseriniň esasyny rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň döredijilik işleri düzdi. Sahna oýny başdan-aýak janly saz bilen utgaşdyryldy.
Sahna çykyşlaryndan başga-da, festiwalyň çäginde sahna oýunlaryny ara alyp maslahatlaşmalar, aktýorlar we režissýorlar üçin ussatlyk-tejribe sapaklary hem-de döredijilik duşuşyklary geçirildi. Bu çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri çykyş edip, ýurdumyzyň teatrlarynyň we sirkleriniň işi, olaryň tehniki üpjünçiligi hem-de halkara festiwallaryndaky üstünlikleri barada gyzykly maglumatlary berdi.
Sungat baýramynyň netijeleri boýunça A.S.Puşkin adyndaky rus döwlet drama teatrynyň döredijilik topary halkara teatr festiwalynyň Kubogyna mynasyp boldy.

