Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

  • 03.06.2026 23:15
  • 3.9k+

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde kino önümçiligi bilen bagly amala aşyrýan işlerine salgyt ýeňillikleri giriziler.

Döwlet sargydy boýunça surata düşürilýän filmleriň býujetiniň 30 göterimine çenlisi onuň mahabatlandyrylmagyna we tanyşdyrylyşyna sarp ediler. Döredijilik toparlary hem-de prodýuserler bolsa kassa girdejileriniň ýarysyny alyp bilerler.

«Altyn humo» milli kino baýragyny ösdürmek üçin her ýyl 5 milliard sum (takmynan 416 müň dollar) serişde bölüp bermek meýilleşdirilýär. Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoew Kinematografiýa boýunça respublika komissiýasynyň, şeýle hem Milli we Çeperçilik geňeşleriniň ýatyrylandygyny yglan etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu karar pudakda döredijilik erkinligini giňeltmäge we sagdyn bäsdeşligi ösdürmäge gönükdirilendir.

Ýatyrylan düzümleriň deregine her bir žanr we mowzuk ugurlary boýunça degişli hünärmenlerden ybarat bolan bilermenler toparlary dörediler. Olaryň düzümi Kinematografiýaçylaryň döredijilik birleşiginiň, Ýazyjylar birleşiginiň we Kompozitorlar birleşiginiň maslahaty esasynda kesgitlener.

Şonuň bilen bir hatarda, ýurduň ýolbaşçylary degişli ugurlar boýunça halkara kino platformalary we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmegi-de maksat edinýärler.


23.06.2026 22:06
909

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

21.06.2026 10:41
1.9k+

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

21.06.2026 10:39
6.5k+

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

20.06.2026 16:49
3.9k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......