Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

  • düýn 16:49
  • 1.9k+

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň ýokary çaklanylýan bahasy 7,2 million dollara barbardyr.

​Bu şekil ilkinji gezek 2003-nji ýylda, Ysraýyl bilen Iordanyň Günbatar kenarynyň arasynda haýat gurlanyndan soň, Betlewemde graffiti görnüşinde peýda boldy. Eserde ýüzi nykaply, elindäki bir bogy gül çemenini zyňmaga taýyn bolup duran adam şekillendirilýär.

​Auksiona eseriň 2011-nji ýylda döredilen, ölçegi 2,1-iň 2,1 metre bolan görnüşi çykaryldy. Ol tersa usullarda ýerine ýetirilip, adamyň sypaty ülňiniň kömegi bilen, gül çemeni bolsa ýagly boýaglar arkaly elde çekilendir.

Bu eser Londonda döredildi, şondan soň ol San-Fransiskodaky hususy kolleksiýada saklandy, soňra bolsa Los-Anjelesdäki «Komden Kontemporary» döwrebap sungat muzeýinde sergilendi.

​«Sotheby’s» esere 4,6–7,2 million dollar aralygynda baha kesýär. Suratkeşiň bähbitlerini araýan we awtorlyk hukuklary meseleleri bilen meşgullanýan «Pest Control» kompaniýasy eseriň hakykylygyny tassyklady.


17.06.2026 11:37
4.9k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 07:47
1.4k+

Sotheby’s Pikassonyň, Klimtiň we Modilýaniniň $270 millionlyk eserlerini satuwa çykardy

Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....

13.06.2026 12:25
3.9k+

Paşmadyk satuw: tirannozawr derisinden bolan ýantorba üçin bary-ýogy €150 müň hödürlendi

Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......

04.06.2026 17:17
6.1k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......