«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy
«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....
«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....
«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......
Sotheby’s auksion öýi Londonda britaniýaly milliarder, «Tottenhem» futbol klubunyň öňki eýesi Jo Lýuisiň kolleksiýasyndan bolan eserleriň sergisini açdy. Bu ýygyndynyň umumy bahasy 270 million dollardan geçýär....
Parižde Drouot auksion öýi tarapyndan guralan söwdalarda tirannozawryň galyndylaryndan alnan kollagen nusgalarynyň esasynda taýýarlanylan ýantorba satuwa çykaryldy. Söwdalaryň dowamynda alyjynyň hödürlän iň......
RM Sotheby’s kompaniýasy 1962-nji ýylda öndürilen Aston Martin DB4 GT Zagato awtomobilini auksiona çykardy. Seýrek duş gelýän bu ulag 12–15 million dollar aralygynda bahalandyrylýar....
Peläniň 1958-nji ýylyň Dünýä çempionatynyň final duşuşygynda geýen köýnekçesi Sotheby’s söwda öýünde auksiona çykarylar. Bäsleşikli söwdalar 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň dowamynda geçiriler....
Fransiýanyň Pompidu-Mes merkezinden italýan suratkeşi Maurisio Kattelanyň bahasy 6,2 million dollar töweregi bolan «Komediant» atly sungat eseri ogurlandy. Eser diwara lentanyň kömegi bilen ýelmenen banandan......
Sotheby’s auksion öýi häzire çenli tapylan iň uly we doly derejeli tirannozawr skeletleriniň birini satuwa çykarar. Gas atly bu tapyndynyň bahasy 20–30 million dollar aralygynda bahalandyrylýar. Bu barada......
Jekson Pollogyň «Number 7A, 1948» atly suraty Nýu-Ýorkdaky «Christie’s» auksionynda 181,2 million dollara satyldy. Bu suratkeşiň işleri üçin täze rekorddyr....
Benksiniň «Tapylan peýzaždaky gyzjagaz we şar» (2012) atly eseri ýapyk görnüşde geçirilen auksionda 17,94 million dollara satyldy. «The Wall Street Journal» neşiriniň habar bermegine görä, bu söwda bäsleşigi......
Meşhur maýadar Worren Baffet we basketbolçy Stefen Karri bilen bilelikde agşamlyk edinmek mümkinçiligi haýyr-sahawat auksionynda 9 million dollara satyldy. Söwdalaşyk eBay platformasynda geçirildi, ýöne......
Gresiýanyň Ion deňzinde ýerleşýän «Makri» atly hususy ada noýabr aýynda geçiriljek auksionda 247 müň ýewro başlangyç baha bilen satuwa çykarylar. Haýran galmaly ýeri, bu adany 2022-nji ýylda 8 million ýewro......
Seýrek duşýan «Ocean Dream» göwheri oturdylan ýüzük Ženewada geçirilen Christie’s auksionynda 13,57 million şweýsar frankyna (takmynan, 17,37 million dollar) satyldy....
Ženewada geçiriljek «Christie’s» auksionynyň maý söwdalarynda dünýäniň iň seýrek reňkli daşlarynyň biri bolan «The Ocean Dream» (Umman arzuwy) göwheri satuwa çykarylar....
Şu aýda «Christie’s» auksion öýi häzirki zaman sungat eserlerini satuwa çykarar, olaryň arasynda potolokdan asylyp goýlan pil hem bar....
«Christie’s» bäsleşikli söwda öýi 18-nji maýda Pýer-Ogýust Renuaryň «Siren gülli zenan» («Женщина с сиренью») atly suratyny 25-35 million dollarlyk bahasy bilen satlyga çykarar. Eser 97 ýyldan bäri ilkinji......
Britaniýanyň «Oasis» rok-toparynyň esaslandyryjylarynyň biri Noel Gallaheriň gitarasy Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 96 müň dollara satyldy. Bu barada «Bi-bi-si» habar berýär....
Iconic Auctioneers auksion öýi 1956-njy ýylda aktrisa Merilin Monronyň süren, 1950-nji ýylda öndürilen üýtgeşik Mercedes-Benz 170 S (W136) awtoulagyny auksionda satar....
Pokémon ýapon franşizasynyň iň seýrek kolleksiýa kartlarynyň biri ABŞ-da geçirilen auksionda 16,5 million dollara satyldy. The Japan Times gazetiniň habar bermegine görä, bu gymmatbahaly eksponaty Ak Tamyň öňki metbugat sekretary Entoni Skaramuççiniň ogly satyn aldy...
Ferrari kompaniýasynyň esaslandyryjysy Enso Ferrariniň kostýumyny RM Cavallino Palm auksionynda satmak meýilleşdirilýär. Bu barada Road & Track neşiri habar berýär. Kostýum 1979-njy ýylda Ferrari brendiniň ady rowaýata öwrülen esaslandyryjysynyň hut özi tarapyndan sargyt edilipdir...
«Formula-1-iň» ýedi gezek dünýä çempiony Mihael Şumaheriň ýaryş ulagy ýanwar aýynyň ahyrynda 5,5 mln ýewrodan 7,5 mln ýewro çenli baha bilen Sotheby’s auksionyna çykarylar. Şumaher Ferrari F310 B ulagyny 1997-nji ýylda Belgiýanyň Gran-prisiniň ýaryş uikendinde sürdi...
Supermen barada komiksiň ilkinji sanynyň seýrek nusgasy ABŞ-da 15 mln dollara satyldy. Bu barada ComicConnect auksion öýüniň saýtynda habar berildi. Gürrüň ozal aktýor Nikolas Keýje degişli bolan nusga barada gidýär...
Broad Arrows auksion öýi ýanwar aýynyň ahyrynda Mihael Şumaheriň karýerasyndaky ilkinji ýeňşini gazanan 1992-nji ýyldaky Benetton-Ford bolidini satuwa çykarar. Guramaçylar 05-nji şassi belgili, doly abatlanan bu awtoulagyň azyndan 8,5 million ýewro satylmagyna garaşýarlar...
Britaniýanyň "Car and Classic" auksion öýünde seýrek duş gelýän awtoulag — 1966-njy ýylda öndürilen Jensen FF modeliniň prototipi satuwa çykaryldy. Bu model ähli tekerleri çekýän (doly çekişli) ilkinji seriýalaýyn ýeňil awtoulag hasaplanýar...
Geçen ýyl RM Sotheby's awtoulag auksionlarynda 75 sany awtoulag rekord bahadan satyldy. "Robb Report" neşiriniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy 1 milliard dollardan geçdi...
Diego Maradonanyň 1984-nji ýyldaky Ispaniýa kubogynyň finalynda — "Barselona" we Bilbaonyň "Atletik" toparlarynyň arasyndaky duşuşykda ýyrtylan futbolkasy auksionda 179 müň dollara (23% komissiýasy bilen birlikde) satyldy...
«Ýyldyz söweşleri» älemini mahabatlandyrmak üçin döredilen ilkinji surat auksionda rekord 3,875 mln dollara satyldy. Bu barada Associated Press habar berýär. Art-poster franşiza bilen baglanyşykly ähli predmetler üçin täze rekord goýdy hem-de kinoafişa üçin döredilen iň gymmat hakyky eser boldy...
Russiýanyň soňky imperatory Nikolaý II-niň kolleksiýasyndan Faberženiň “Gyş ýumurtgasy” Londonda geçirilen auksionda 19,5 mln funt sterlinge (25,7 mln dollara deň) satyldy. Bu häzire çenli şeýle görnüşli önüm üçin tölenen iň ýokary baha boldy...
Meşhur flamandly suratkeş Piter Paul Rubensiň dört asyr töweregi wagt bäri ýitirilen hasaplanýan kartinasy auksionda 2,94 million ýewro satyldy diýip, “Parisien” gazeti habar berýär. “Ýekşenbe güni Piter Paul Rubensiň “Haçdaky Isa” kartinasy Wersaldaky Osenat öýünde geçen auksionda komissiýa tölegi bilen birlikde 2 940 798 ýewro satyldy” – diýip, neşir habar berýär...
Iwan Aýwazowskiniň “Diri galanlar” (“Выжившие”) atly eseri Londondaky Sotheby's auksionynda 4,19 million funt sterlinge satyldy. Bu baha suratkeşiň auksionda satylan eserleri üçin rekord boldy. “Diri galanlar” eseri 25-nji noýabrda “Faberže, imperiýa we rewolýusiýa döwrüniň sungaty” atly auksionynda görkezildi...
1609-njy ýylda Ispaniýanyň patyşasy Filipp III üçin zikgelenen ispan altyn teňňesi Şweýsariýadaky auksionda rekord 3,49 mln dollara satyldy. Ol Ýewropada iň gymmat satylan teňňe boldy diýip, Reuters ýazýar. Onuň başlangyç bahasy 2,46 mln dollardy...
1976-njy ýylda Apple Computer Company kompaniýasynyň döredilmegine getiren hakyky esaslandyryjy şertnama auksiona çykarylar. Resminama 4 mln dollar töweregi mukdara satylar diýlip garaşylýar. Christie's auksion öýi ony 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda satuwa çykarar...
Kasusika Hokusaýyň “Kanagawanyň kenarlaryndaky uly tolkun” grawýura eseriniň irki kagyz nusgalarynyň biri Gonkongdaky Sotheby’s auksionynda 2,8 mln dollara satyldy. Bu mukdar 0,6 – 1 mln dollar bolan başlangyç bahadan ep-esli ýokarydyr...
“Titanigiň” ýolagçysynyň altyn jübi sagady Henry Aldridge and Son auksionynda $2,33 million dollara satyldy. The New York Times gazeti bu bahanyň meşhur gämi bilen baglanyşykly ýadygärlik zatlaryň arasynda rekord bolandygyny ýazýar...
Gordon Murreýiň S1 LM indeksli, gurnamaga meýilleşdirilen ilkinji superkarlaryndan biri (Gordon Murray Special Vehicles tarapyndan) geçen dynç günlerinde Las-Wegas Gran-pri-synyň çäklerinde auksionda satyldy. RM Sotheby's tarapyndan guralan auksionda kupe üçin $20,630,000 dollar tölendi...
Niderlandly suratkeş Winsent Wan Goguň “Pariž romanlarynyň toplary we bulgurdaky bägüller” suraty Nýu-Ýorkda geçirilen Sotheby’s auksionynda 62,7 mln dollara satyldy. Bu barada NL Times habar berýär. Suratyň ahyrky bahasy ilkibaşdaky bahadan 35% ýokary boldy...
Christie's auksion öýi ilkinji işleýän hasaplaýjy maşynyň (kalkulýatoryň) seýrek nusgasyny söwdadan aýyrdy. Parižiň administratiw kazyýeti bu gymmatly zadyň Fransiýada galmalydygy barada karar çykardy diýip, "The Guardian" neşiri habar berýär...
Meksikaly Frida Kalonyň “Düýş” (El sueño) suraty Sotheby’s auksionynda 54,7 mln dollara satyldy – bu zenanlar tarapyndan döredilen suratlar üçin täze rekord boldy diýip, The Wall Street Journal habar berýär. “Düýş” 1940-njy ýylda çekildi...
Öz gündeliginde Rouz atly zenana bolan duýgulary barada ýazan “Titanigiň” ýolagçysynyň haty auksiona çykaryldy. Bu barada Daily Mail habar berýär. 21 ýaşly Ernest Tomlin üçünji derejeli ýolagçydy. Ilkibaşda ol başga bir gämä – “Adriatige” petek satyn alypdy, ýöne ahyrynda ol “Titanik” gämisine geçirildi...
Awstriýaly suratkeş Gustaw Klimtiň “Elizabet Ledereriň portreti” suraty Nýu-Ýorkdaky Sotheby’s auksionynda 236,4 mln dollara satyldy. Bu barada auksion öýi X sosial ulgamynda habar berdi. “Indi ol häzire çenli auksionda satylan iň gymmat häzirkizaman sungat eseri hasaplanýar” – diýlip, habarda aýdylýar...