Doly çekişli ilkinji ýeňil awtoulagyň nusgasy auksiona çykaryldy

  • düýn 13:02
  • 5.7k+

Britaniýanyň "Car and Classic" auksion öýünde seýrek duş gelýän awtoulag — 1966-njy ýylda öndürilen Jensen FF modeliniň prototipi satuwa çykaryldy. Bu model ähli tekerleri çekýän (doly çekişli) ilkinji seriýalaýyn ýeňil awtoulag hasaplanýar.

Şeýle prototipleriň jemi 12-si öndürilip, biziň günlerimize çenli olaryň diňe sekizisi saklanyp galypdyr.
"FF" gysgaltmasy "Ferguson Formula" diýmekdir. Jensen kompaniýasy "Ferguson Research" kärhanasynyň lisenziýasy esasynda doly çekişli (4WD) ulgamyny ulandy. Şeýle-de, awtoulagda şol döwür üçin iňňän seýrek tehnologiýa bolan "Dunlop Maxaret" mehaniki tormozlaryň blokirlenmäge garşy ulgamy (ABS) bardy.
Adaty ýagdaýda çekiş güýjüniň 33%-i öňdäki tekerlere, 67%-i bolsa yzky tekerlere berilýär, ýöne ýoluň şertlerine görä bu gatnaşyk üýtgäp bilýär. Awtoulagyň gurluşynyň özboluşly aýratynlygy bar: Jensen FF diňe sag tarapdan dolandyrylýan (rul sagda) görnüşde öndürildi, sebäbi kuzowyň çep tarapy transmissiýa bölekleri bilen doludy.
Auksiona çykarylan nusga 6,3 litrlik atmosferaly V8 hereketlendiriji we üç basgançakly awtomatiki berlişler gutusy bilen üpjün edilen. Bu modeliň mehaniki görnüşi (MKP) asla bolmandyr. Awtoulag asyl şaýlaryny, şeýle hem zawod tarapyndan goýlan daşky we içki reňklerini saklap galypdyr. Geçen ýyllaryň dowamynda ol birnäçe eýesini çalyşdy we Şwesiýada doly abatlaýyş (restawrasiýa) işlerinden geçirildi.
Bu lotuň gymmatlygyny artdyrýan ýene bir zat — onuň italýan "Vignale" dizaýn studiýasy tarapyndan döredilen kuzowly 12 prototipiniň biri bolmagydyr.
Ulagyň seýrekligini göz öňünde tutsaň, onuň bahasynyň bazardaky adaty Jensen FF modellerinden has ýokary bolmagyna garaşylýar.


düýn 11:36
2.6k+

RM Sotheby's auksionynda satylan ähli ulaglaryň umumy bahasy rekord 1 mlrd dollardan geçdi

Geçen ýyl RM Sotheby's awtoulag auksionlarynda 75 sany awtoulag rekord bahadan satyldy. "Robb Report" neşiriniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy 1 milliard dollardan geçdi...

27.11.2025 11:13
5.8k+

Gordon Murreýiň täze superkary auksionda rekord $20,63 milliona satyldy

Gordon Murreýiň S1 LM indeksli, gurnamaga meýilleşdirilen ilkinji superkarlaryndan biri (Gordon Murray Special Vehicles tarapyndan) geçen dynç günlerinde Las-Wegas Gran-pri-synyň çäklerinde auksionda satyldy. RM Sotheby's tarapyndan guralan auksionda kupe üçin $20,630,000 dollar tölendi...

14.11.2025 10:29
3.5k+

McLaren F1-i döredeniň superkary entek ýygnalmanka 20 million dollara satylýar

RM Sotheby’s auksion öýi noýabr aýynda Las-Wegasda geçiriljek "Formula-1" Gran-prisinde guraljak adaty bolmadyk söwdany yglan etdi. Auksiona meşhur McLaren F1-iň döredijisi tarapyndan esaslandyrylan Gordon Murray Special Vehicles toparynyň superkary - GMSV S1 LM çykarylýar...

20.09.2025 06:50
3.9k+

Bugatti La Voiture Noir auksiona çykarylar, ýöne näçeräk bahadan we kime satyljagy gizlin bolup galar

Broad Arrow auksion öýi we SBX onlaýn platformasy auksiona gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi, onuň esasy harydy - Bugatti La Voiture Noir özboluşly superkary bolar. Bu awtoulag bir nusgada çykarylan we bir wagtlar dünýäde iň gymmat täze awtoulag hasaplanýardy...