Bugatti La Voiture Noir auksiona çykarylar, ýöne näçeräk bahadan we kime satyljagy gizlin bolup galar

  • 20.09.2025 06:50
  • 3.9k+

Broad Arrow auksion öýi we SBX onlaýn platformasy auksiona gatnaşmak üçin arzalaryň kabul edilip başlanandygyny habar berdi, onuň esasy harydy - Bugatti La Voiture Noir özboluşly superkary bolar. Bu awtoulag bir nusgada çykarylan we bir wagtlar dünýäde iň gymmat täze awtoulag hasaplanýardy.

Häzirki eýesiniň ady aýan edilmeýär. Geljekde boljak geleşigiň bahasy we täze alyjynyň ady hem gizlin bolup galar, gurnaýjylar söwdalaşyklarda gizlinlik düzgüniniň gaty pugta berjaý ediljekdigini öňünden mälim etdiler.
Bugatti La Voiture Noir-ni 2019-njy ýylda Ženewada konsept hökmünde görkezipdi we iki ýyldan soň bolsa önümçilik wersiýasynyň suratlary peýda bolupdy. Onuň nominal bahasy 11 million ýewrody, ýöne resmi däl maglumatlara görä, awtoulag üçin tölenen salgydy hem göz öňünde tutsaň, takmynan, 17 million tölenipdir.
Bu model XX asyryň ortalaryndaky seýrek Bugatti Type 57 SC Atlantic-iň häzirki zaman interpretasiýasy hökmünde döredildi. Tehniki taýdan bu awtoulag Chiron platformasyna esaslanýar we 1500 at güýji bolan W16 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylandyr.
2019-njy ýylda görkeziljek mahaly awtoulagyň eýýäm eýesi bardy. Dürli çaklamalara görä, onuň Volkswagen-iň öňki başlygy Ferdinand Piýeh ýa-da portugaliýaly futbolçy Kriştianu Ronaldu bolmagy mümkin, ýöne bu maglumatlar  hiç haçan tassyklanman galypdy.


03.01.2026 13:02
6.9k+

Doly çekişli ilkinji ýeňil awtoulagyň nusgasy auksiona çykaryldy

Britaniýanyň "Car and Classic" auksion öýünde seýrek duş gelýän awtoulag — 1966-njy ýylda öndürilen Jensen FF modeliniň prototipi satuwa çykaryldy. Bu model ähli tekerleri çekýän (doly çekişli) ilkinji seriýalaýyn ýeňil awtoulag hasaplanýar...

03.01.2026 11:36
3.2k+

RM Sotheby's auksionynda satylan ähli ulaglaryň umumy bahasy rekord 1 mlrd dollardan geçdi

Geçen ýyl RM Sotheby's awtoulag auksionlarynda 75 sany awtoulag rekord bahadan satyldy. "Robb Report" neşiriniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy 1 milliard dollardan geçdi...

27.11.2025 11:13
5.8k+

Gordon Murreýiň täze superkary auksionda rekord $20,63 milliona satyldy

Gordon Murreýiň S1 LM indeksli, gurnamaga meýilleşdirilen ilkinji superkarlaryndan biri (Gordon Murray Special Vehicles tarapyndan) geçen dynç günlerinde Las-Wegas Gran-pri-synyň çäklerinde auksionda satyldy. RM Sotheby's tarapyndan guralan auksionda kupe üçin $20,630,000 dollar tölendi...

14.11.2025 10:29
3.5k+

McLaren F1-i döredeniň superkary entek ýygnalmanka 20 million dollara satylýar

RM Sotheby’s auksion öýi noýabr aýynda Las-Wegasda geçiriljek "Formula-1" Gran-prisinde guraljak adaty bolmadyk söwdany yglan etdi. Auksiona meşhur McLaren F1-iň döredijisi tarapyndan esaslandyrylan Gordon Murray Special Vehicles toparynyň superkary - GMSV S1 LM çykarylýar...