RM Sotheby's auksionynda satylan ähli ulaglaryň umumy bahasy rekord 1 mlrd dollardan geçdi

  • 03.01.2026 11:36
  • 3.4k+

Geçen ýyl RM Sotheby's awtoulag auksionlarynda 75 sany awtoulag rekord bahadan satyldy. "Robb Report" neşiriniň maglumatyna görä, 2025-nji ýylda amala aşyrylan geleşikleriň umumy bahasy 1 milliard dollardan geçdi.

Auksiondaky iň gymmat lot 1954-nji ýylda öndürilen Mercedes-Benz Streamliner ýaryş awtoulagy boldy — ol 51,2 million dollara ýerlendi. 1950-nji ýyllaryň ortalarynda bu ulagy meşhur sürüjiler Huan Manuel Fanhio we Stirling Moss sürüpdi, soňra bolsa ol köp ýyllaryň dowamynda muzeýlerde saklandy.
Geçen ýylyň dowamynda RM Sotheby's auksion meýdançalaryndan jemi 1024 sany kolleksiýa awtoulagy satyldy. Söwdalaşyklara 82 ýurduň wekilleri gatnaşyp, awtoulaglar 54 döwlete ugradyldy. 135 lotuň bahasy 1 million dollarlyk sepgitden geçdi, olaryň 75-si bolsa öz markasy ýa-da modeli üçin täze rekord goýdy.
Iň gymmat satylan awtoulaglaryň ilkinji onlugyna şular girýär:

  • Ferrari 250 LM Scaglietti (1964): Le Man ýeňijisi — 36 mln dollardan gowrak;
  • Ferrari Daytona SP3: (ýörite sargyt) — 26 mln dollar;
  • McLaren F1 (1994): — 25,3 mln dollar;
  • Gordon Murray T.50s Niki Lauda (S1 LM): — 20 mln dollar;
  • Ferrari F2001 (Mihael Şumaher): — 18,1 mln dollar;
  • Ford GT40 Mk II (1966): — 13,2 mln dollar;
  • McLaren F1 (2026-njy ýylyň geljekki modeli): — 11,5 mln dollar;
  • Ferrari F40 LM (1993): — 11 mln dollar;
  • Pagani Zonda (özboluşly nusga): — 10,1 mln dollar.

30.01.2026 18:50
5.1k+

Toyota rekord derejeli satuw bilen ýene dünýäniň iň uly awtoöndürijisi boldy

2025-nji ýylda Toyota kompaniýasy 11,32 mln awtomobil satyp, täze dünýä rekordyny goýdy. Bu görkeziji 2024-nji ýyldakydan 4,6% köpdür. Şeýlelikde, kompaniýa ýene dünýäniň iň iri awtoöndürijisi adyny saklamagy başardy...

25.01.2026 13:47
7.3k+

Hytaý dünýäde iň uly rolker gämisini suwa goýberdi. Oňa 11 müňe golaý ulag ýerleşýär

Hytaýyň Guangzhou Shipyard International (GSI) gämi gurluşyk zawody sygymy rekord derejedäki ýük daşaýan gämini suwa goýberdi. Gämi her saparda 10 800 awtoulagy daşamaga ukyply we Koreýanyň Hyundai awtoulag öndürijisi üçin guruldy...

23.01.2026 15:51
2.2k+

Xiaomi SU7 Max 24 sagatda 4 264 km geçdi: bu önümçilik elektrokarlary üçin täze rekord

Xiaomi Auto kompaniýasy önümçilik elektromobilleri üçin täze rekord goýdy. Onuň döwrebaplaşdyrylan SU7 Max sedany 24 sagatda diňe zarýad almak üçin saklanyp, 4 264 km ýol geçdi. Ozal önümçilik elektromobilleriniň arasynda rekord geçen ýylyň tomsunda bir günde 3 961 km geçen Xpeng P7 liftbegine degişlidi...

21.01.2026 10:55
2k+

Chevrolet Corvette ZR1X ABŞ-nyň iň çalt önümçilik awtoulagy diýlip ykrar edildi

Chevrolet Corvette ZR1X Amerikada öndürilen iň çalt önümçilik awtoulagy hökmünde täze rekord goýdy. Superkar çärýek mil (402 metr) aralygy bary-ýogy 8,675 sekuntda geçip, pellehanada sagatda 256 km tizlige ýetdi...