Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

  • 12.05.2026 14:52
  • 2.3k+

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi.

Rekord goýlan ýöriş 1 sagat 33 minut dowam etdi. Şol wagtyň içinde awtoulag Suçžoudaky ýörite poligonda 216 aýlawy tamamlady. Meýdançanyň ýüzi süýşme koeffisienti takmynan 0,3-e deň bolan çyg keramika bilen örtüldi. Bu şertler buzda ýa-da dykyz garda hereket edeniňdäki ýagdaýa meňzeşdir.

Kompaniýanyň düşündirişine görä, bu synag awtoulagyň şassisiniň, elektronikasynyň we durnuklylygynyň ýol bilen mäkämligi minimal bolan şertlerde nähili işleýändigini barlamak üçin geçiirldi.

Aýratyn bellenilmeli zat, täzelenen P7 modeli taýgançak ýollarda hereket etmek üçin niýetlenen AES işjeň howpsuzlyk ulgamy bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol duýdansyz öwrümler edilende sürüjä gözegçiligi saklamaga kömek edýär. Taslamany işläp düzenler bu rekordy şol ulgamyň mümkinçilikleriniň subutnamasy hasaplaýarlar.


29.05.2026 23:38
3.3k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.7k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.5k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......