BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

  • 28.05.2026 12:32
  • 3.8k+

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan BMW i3 modelinden bäri), ikinji million elektromobil bary-ýogy iki ýylyň içinde öndürildi.

Ýubileý awtoulagy Tansanit Blue reňkli BMW i5 M60 xDrive sedany boldy. Bu ulag Germaniýanyň Dingolfing şäherindäki zawodda ýygnaldy we Ispaniýadaky alyja iberildi.

Dingolfingdaky zawod 2021-nji ýylda BMW iX modeli bilen elektromobilleriň köpçülikleýin önümçiligine başlapdy. Häzirki wagtda ol ýerde iX, i5 we i7 modelleri öndürilýär. 2021-nji ýyldan bäri bu kärhana 320 müňden gowrak elektromobil öndürdi — ýagny BMW Group-yň her altynjy elektromobili hut şu zawodda ýygnaldy.

Şeýle-de kompaniýa häzirki wagtda elektromobilleriň BMW-niň ähli nemes zawodlarynda, adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglar bilen bir hatarda öndürilýändigini habar berdi. Bu bolsa dürli bazarlardaky islege görä önümçiligi çalt uýgunlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Geçen ýyl BMW dünýä bazaryna 442,1 müň sany elektromobil ýerledi. Islegiň iň uly ösüşi Ýewropada duş gelýär, emma ABŞ-da we Hytaýda satuw depginleri biraz haýallady. Kompaniýa täze Neue Klasse hatarynyň hasabyna ýagdaýy gowulandyrmaga bil baglaýar.

Belläp geçsek, Germaniýanyň ýene bir iri öndürijisi bolan Volkswagen konserni eýýäm iki millionynjy elektromobilini birinji milliondan bary-ýogy 10 aý soňra çykandygyny mälim edipdi.


şu gün 10:28
598

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 20:03
5.7k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

15.06.2026 10:41
2.2k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......