Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

  • şu gün 10:28
  • 315

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär.

Täze model 277 at güýjüne we 345 Nm aýlanma pursatyna eýe bolan elektrik hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Ulagyň 100 km/sag tizlige ýetmegi bary-ýogy 5,5 sekunt wagt alýar, iň ýokary tizligi bolsa 180 km/sag derejesinde çäklendirilendir. Elektromobil 54 kWt·sag sygymly batareýany aldy.

WLTP sikli boýunça, ulagyň bir gezekki zarýad bilen geçýän aralygy 375 km ýetýär. Michelin Pilot Sport 4S sport tekerleri ulanylan ýagdaýynda bolsa bu görkeziji 352 km çenli peselýär. 100 kWt kuwwatlygy bolan çalt zarýad beriş ulgamy arkaly batareýanyň zarýadyny 30 minutdan hem az wagtyň içinde 20%-den 80%-e çenli doldurmak bolýar.

Dolandyryşy has-da gowulandyrmak üçin inženerler ulagyň asgy ulgamyny (podweska) 25 mm aşak düşürdi, teker arasyny giňeltdi we awtomobili sport amortizatorlary, güýçlendirilen kese durnuklylyk stabilizatory hem-de mehaniki ýokary sürtülme differensialy (LSD) bilen üpjün etdi.

Awtomobil özboluşly aerodinamiki elementleri, 18 dýuýmlyk tigir disklerini we dizaýny boýunça Peugeot 205 GTi modeline salgylanýan gyzyl-gara öwüşginli salony aldy.

Fransiýada bu ulag üçin sargytlary kabul etmeklik eýýäm başlandy. Peugeot e-208 GTi modeliniň başlangyç bahasy 42 900 ýewro deň.


15.06.2026 20:03
5.6k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

15.06.2026 10:41
2.2k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

12.06.2026 08:19
2.5k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......