«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy.
Täze model ozalky dizaýnyny we tehniki bölegini saklap galdy. Awtoulag 200 at güýjüne barabar 1,5 litrlik turbo hereketlendirijisi we sekiz basgançakly awtomatik geçiriji guty bilen üpjün edilýär. Öndüriji sürüjä kömek edýän elektron ulgamlaryň sanawyny giňeltdi we salonyň enjamlaşdyrylyşyny täzeledi; onda diagonaly 12,3 dýuým bolan sanly displeýler göz öňünde tutulandyr.
Hytaý bazarynda modeliň bahasy 170-den 187 müň ýuana (takmynan 25 100 – 27 600 dollar) çenli aralykda üýtgeýär.
Şol bir wagtyň özünde, şu ýylyň ahyryna çenli tanyşdyrylmagyna garaşylýan «Bayon» modeliniň täze nesli barada jikme-jik maglumatlar mälim boldy.
Maşyn krossowerler üçin has iri we adaty dizaýna eýe bolar. Awtoulag iki sany 12,3 dýuýmlyk ekrandan ybarat birleşdirilen blok, proýeksiýa displeýi, simsiz zarýad beriji we atmosferany ýagtylandyryjy ulgam bilen enjamlaşdyrylar.
Deslapky maglumatlara görä, täze 1,2 litrlik turbo hereketlendirijisi we 48 woltly gibrid ulgamly wersiýa esasy wersiýa bolar. Şeýle hem doly gibrid modifikasiýasynyň çykmagyna garaşylýar.
Täze «Bayon-yň» satuwyna 2027-nji ýylda başlamak meýilleşdirilýär.