Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

  • şu gün 01:38
  • 377

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň ýokary bolan öndürijileri kesgitlediler. Toyota, Lexus, Honda we Acura ýaly ýapon markalary sanawyň başyny çekdi.

Analitikler belli bir brende degişli awtoulagyň görkezilen aralygy geçmek ähtimallygyny göterim görnüşinde hasapladylar. ABŞ-nyň bazary üçin bu görkeziji ortaça 4,8%-e deňdir. Diňe dört brend bu derejeden ýokary galmagy başardy:

  • «Toyota» – 17,8%
  • «Lexus» – 12,8%
  • «Honda» – 10,8%
  • «Acura» – 7,2%

Bäşligiň soňunda 4,6% netije bilen «GMC» amerikan brendi ýerleşdi. Şeýle hem «Tesla» elektrik awtoulaglarynyň hem edil şonça (4,6%) ähtimallygy görkezendigini bellemek gerek.

Reýtingiň anti-liderleri

  • «Jaguar», «MINI» we «Maserati» awtoulaglarynda 250 müň mil geçmek ähtimallygy 0% diýlip kesgitlendi.
  • «Land Rover-de» bu ähtimallyk 0,1% bolup hasaba alyndy.
  • «Audi», «BMW», «Porsche», «Hyundai» we «Kia» ýaly ýene sekiz brend 1%-den az netije görkezdi.

Premium segmenti üçin aýratyn reýtingde «Lexus», «Acura», «Tesla», «Cadillac» we «Lincoln» liderlik etdi. Bu ýerde 400 müň km ýol geçmek mümkinçiligi umumy bazar bilen deňeşdirilende has pes — bary-ýogy 3,2%.
iSeeCars-yň wekili Karl Brauer munuň sebäbini premium maşynlaryň az ulanylýandygy bilen düşündirdi:

«Bu ýagdaýda görkeziji awtoulaglaryň ýygjamlygyny däl-de, olary ulanmaga çemeleşmäni görkezýär» diýip, ol belledi.


düýn 14:04
7.7k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
4.8k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......

09.06.2026 15:11
3.3k+

Toyota TR LH2 suwuk wodorodly prototipi Le-Manyň ýaryş ýoluna çykar

"Toyota Gazoo Racing" kompaniýasy 2026-njy ýyldaky «Le-Manyň 24 sagady» ýaryşynda täze wodorodly "TR LH2 Racing Prototype" ýaryş prototipini görkezer. Awtoulag ilkinji gezek köpçüligiň öňünde ýaryş ýoluna......

08.06.2026 16:02
1.9k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......