Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli barýar.
Ilkinji hatara üç sany kompozisiýa girdi: "Avanguardia", "Fierezza" we "Perseveranza". Olaryň her biri Lamborghini brendiniň aýratyn gymmatlygyny alamatlandyrýar.

Atyr seriýasynyň bezegi markanyň superkarlarynyň stilistikasynda ýerine ýetirilipdir. Flakonlar Lamborghini awtoulaglarynyň korpuslarynyň mahsus reňklerine boýalypdyr, metal plastinkasynda bolsa kompaniýanyň nyşany ýerleşdirilipdir.
Her bir atyryň gaplamasyna brendiň awtoulaglarynyň salonlaryny bezemek üçin ulanylýan tebigy deriniň bölejigi goşulypdyr.
Lamborghini täze atyr hatary bilen meşgullanýarka, "Ferrari" kompaniýasy "HP" bilen bilelikde dizaýny Maranellodaky superkarlardan ylham alan 14 dýuýmlyk "Scuderia Ferrari AI PC" noutbugyny çykardy. Şeýle enjamyň bahasy 5599 dollara deňdir.