Toyota "Lexus LF-ZC" modelini tapgyrlaýyn öndürmekden ýüz öwürdi

  • 07.06.2026 19:49
  • 3.3k+

Toyota kompaniýasy ozal 2027-nji ýylda bazara çykarylar diýlip meýilleşdirilen "Lexus LF-ZC" elektrik awtoulagyny tapgyrlaýyn öndürmek meýilnamalaryndan ýüz öwürdi. "Nikkei" agentliginiň habar bermegine görä, munuň sebäbi dünýä bazarynda elektrik awtoulaglaryna bolan islegiň peselmegidir.

"Lexus LF-ZC" konsepty ilkinji gezek 2023-nji ýylyň güýzünde markanyň geljekki elektrik awtoulaglarynyň neslini görkezmek maksady bilen tanyşdyrylypdy. Şonda modeliň bir gezek zarýad bermek bilen takmynan 1000 kilometr ýol geçip biljekdigi habar berlipdi.

Başlangyç meýilnamada tapgyrlaýyn wersiýanyň 2026-njy ýylda çykarylmagyna garaşylýardy, soňra möhletler 2027-nji ýylyň ortalaryna süýşürildi. Indi bolsa taslama dolulygyna ýatyryldy.

Şunuň bilen birlikde, Toyota elektrik ulaglary pudagyndaky geljekki gözleglerden ýüz öwürmeýär. Kompaniýa gaty jisimli akkumulýatorlary we iri alýumin böleklerini bitewi guýmak usulyny göz öňünde tutýan "Gigacast" tehnologiýasy boýunça işleri dowam etdirer.

Bu çözgütleriň ýapon awtoulag öndürijisiniň geljekki modellerinde ulanylmagyna garaşylýar.

Ozal analitikler bütin dünýäniň elektrik awtoulag bazarynyň ösüş depgininiň haýallajakdygyny çaklapdylar. Olaryň bahalandyrmagyna görä, 2026-njy ýylda şeýle awtoulaglaryň satuwy takmynan 23,9 million birlige ýeter, ösüş depgini bolsa häzirki 20%-den 15,7%-e çenli peseler.


düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....