Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly öndürijiler tarapyndan barha güýçlenýän bäsdeşlik basyşyna garşy kompaniýalaryň bazar ukybyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Germaniýanyň Awtoulag senagaty birleşiginiň habar bermegine görä, açyk çeşmeli kodly täze operasion ulgam awtoulaglaryň sanly funksiýalaryny üpjün edip, arka tarapdan işlär. Şunda her öndüriji bu ulgamy haýsy modellerde we haçan ornaşdyryp başlamalydygyny özbaşdak kesgitlär.
Brendleriň meýilnamalary:
BMW: Täze ulgamy ilki bilen «Neue Klasse» elektrikli awtoulaglar tapgyrynyň «iX3» krossowerinde we «i3» sedanynda ulanar. Soňra bolsa ony «Mini» brendiniň geljekki elektrikli modellerine ornaşdyrar.
Mercedes-Benz: Bu platformany «C-», «E-» we «CLA-» klasly awtoulaglarynda ulanmagy niýet edinýär.
Volkswagen: Geçişi «Audi Q6» premium krossowerlerinden we «Porsche» elektrikli modellerinden başlar. Şeýle hem täze ulgam konserniň ýük awtoulaglary bölüminde hem ulanylar.
Stellantis: Platformany indiki nesil «Peugeot 3008», «Vauxhall Corsa Electric» we «Fiat Grande Panda» modellerinde synagdan geçirmegi meýilleşdirýär.
Ýaponiýada hem meňzeş taslama taýýarlanýar
Şoňa meňzeş başlangyjy Ýaponiýanyň Honda, Nissan we Mitsubishi kompaniýalary hem taýýarlaýar. Olar işläp düzmek çykdajylaryny azaltmak maksady bilen, indiki nesil programmalaýyn kesgitlenýän awtoulaglar üçin elektron dolandyryş bloklaryny kadalaşdyrmak baradaky gepleşikleri tamamlaýarlar.