Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

  • şu gün 17:04
  • 744

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý täze awtoulag hasaba alyndy. Bu geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 3,6% köpdür.

Ýewropanyň awtoulag öndürijiler assosiasiýasynyň (ACEA) maglumatlaryna görä, elektromobilleriň bazardaky paýy 20%-e ýetdi. Ýylyň ilkinji bäş aýynda Ýewropada doly elektrik energiýasy bilen işleýän 950 müňden gowrak awtoulag hasaba alyndy. Şeýle ulaglara bolan islegiň görnetin artmagy Italiýada, Fransiýada we Germaniýada hasaba alyndy.

Gibrid awtoulaglary ähli hasaba alnan ulaglaryň 37,8%-ini eýeläp, bazaryň iň uly bölegi bolmagynda galýar. Şol bir wagtda, tokdan zarýad alýan (plug-in) gibridleriň paýy hem 10%-e golaýlady.

Şonuň bilen birlikde, adaty içinden ýandyrylýan hereketlendirijiler bilen işleýän awtoulaglaryň meşhurlygynyň peselmegi dowam edýär. Benzinli awtoulaglaryň satuwy 18,2% aşak düşdi, bir wagtlar Ýewropanyň awto-senagatynyň nyşany bolan dizel ulaglarynyň satuwy bolsa 16,6% aşaklady we bazarda bary-ýogy ujypsyz 7,6% paý bilen çäklendi. Netijede, benzin we dizel ulaglary bilelikde häzirki wagtda bazaryň 30,1%-ini eýeleýär (geçen ýyl bu görkeziji 38%-e deňdi).

Awtoöndürijileriň arasynda Volkswagen Group kompaniýasy 25,8% bazar paýy bilen öňdeligi saklaýar. Şunda iň uly ösüşi Hytaýyň kompaniýalary görkezdi. BYD kompaniýasynyň satuwy 136,6%, Chery — 316%, Leapmotor bolsa 552,9% ýokarlandy.

Şeýle-de, geçen ýylyň maý aýy bilen deňeşdirilende satuwyny 57,2% artdyran Tesla kompaniýasy hem ösüş görkezdi. Şol bir wagtda, Ford we Mitsubishi kompaniýalary Ýewropa bazarynda satuwlaryň iki belgili pese gaçyşyny hasaba aldy.


şu gün 18:36
294

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

şu gün 08:16
1.9k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 09:56
6.5k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....