Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

  • şu gün 08:16
  • 653

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly «Lexus GX500h» awtoulaglary hem hyzmat aktsiýasyna girdi.

Yzyna çagyrmagyň sebäbi sanly enjamlar panelindäki programma näsazlygy boldy. Hereketlendiriji işledilen pursadynda ekran dogry açylman bilýär, bu bolsa sürüjiniň möhüm görkezijileriň bir bölegini görmegine päsgel berýär.

Hytaýyň kadalaşdyryjy edarasy we awtoulag öndürijisi munuň hereket howpsuzlygyna howp salýandygyny ykrar etdiler. Kemçiligi aradan aýyrmak üçin awtoulag eýeleri programma üpjünçiligini täzelemek maksady bilen diler merkezine barmaly bolarlar.
Bu mesele aşakdaky awtoulaglara täsir etdi:

  • Toyota Land Cruiser Prado: 2024-nji ýylyň 16-njy iýulyndan 2025-nji ýylyň 27-nji sentýabryna çenli «FAW-Toyota» zawodyndan çykan 9408 awtoulag.
  • Lexus GX500h: 2024-nji ýylyň 28-nji fewralyndan 2025-nji ýylyň 26-njy dekabryna çenli öndürilen 2945 awtoulag.

21.06.2026 21:15
4.7k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

21.06.2026 09:56
6.4k+

Singapurda aşa gara awtomobil boýagy döredildi: ol ýagtylygy doly diýen ýaly özüne siňdirýär

Singapuryň NIPSEA kompaniýasynyň barlagçylary görünýän diapozonda 99,9%-e çenli ýagtylygy özüne siňdirmäge ukyply bolan aşa gara awtomobil örtügini işläp taýýarlady....

20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

19.06.2026 19:45
1.8k+

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......