Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

  • düýn 19:45
  • 821

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport» awtoulagyny tanyşdyrdy.

Model iki komplektasiýada, 210 müň we 230 müň ýuan bahadan satuwa çykaryldy. Awtoulagyň daşky görnüşi üýtgänok diýen ýaly: sedan uly radiator toruny, inçe ýagtylyk diodly optikasyny we kupe görnüşli siluetini saklap galdy. Onuň gabaritleri 4920 × 1920 × 1600 mm, teker bazasy bolsa 2945 mm-e deňdir.

Salonda 12,3 dýuýmlyk sanly enjamlar paneli we 4K çözgütli 27 dýuýmlyk ekran gurnalandyr. Multimediýa ulgamynyň işlemegine «Snapdragon 8155» prosessory jogapkärdir.

Täzelenen «SYNC» toplumy täze interfeýsi, uly dil modeliniň binýadynda işleýän «VA 4.0» ses kömekçisini, «Apple CarPlay» goldawyny, "prozraçnyý şassi" funksiýaly töwerekleýin syn ediş ulgamyny we 50 Wt kuwwatly simsiz zarýad beriş enjamyny aldy.

«E-Hybrid» gibrid ulgamy 288 at güýjüne barabar 2,0 litrlik turbo-hereketlendirijini («EcoBoost») we 190 at güýjüne eýe bolan elektrik hereketlendirijisini birleşdirýär. Transmissiýa hökmünde «e-CVT» wariatory ulanylýar. Öndürijiniň maglumatlaryna görä, şäherden daşary ýol şertlerinde ýangyç sarp edilişi 100 kilometre 4,64 litre deňdir.


düýn 09:17
1k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

18.06.2026 10:58
3.4k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

17.06.2026 10:28
1.3k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 20:03
6.3k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......