BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

  • şu gün 10:58
  • 846

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu modeliň brendiň taryhynda bir baha-sanawynda birbada güýç gurluşlarynyň bäş dürli görnüşini hödürleýän ilkinji awtomobil boljakdygy belli boldy: benzin, dizel, plagin-gibrid, doly elektrik we wodorod wersiýalary.

Täze X5 modeliniň daşky görnüşi ozal konseptlerde we täze iX3 modelinde görkezilen Neue Klasse pelsepesinden ugur alýar. Awtomobil inçe kese optikany we faralar bilen umumy panele birleşdirilen, täzeçe işlenen radiator gözenegini alar.

Salonyň içinde Panoramic Display ulgamy gurnaldy — ol öňki aýnanyň aşaky böleginiň bütin ini boýunça uzaýan inçe ekran bolup, onuň netijesinde maglumatlar sürüjiniň göz öňünde wizuallaşdyrylýar.

Ulagyň möhüm tehniki täzelenmesi Heart of Joy hasaplaýyş merkezi bolar. Bu ulgam aşakdakylary dolandyrmagy özüne birleşdirýär:

  • Hereketlendirijini;
  • Asgy ulgamyny;
  • Tormozlary;
  • Transmissiýany.

Döredijileriň aýtmagyna görä, bu ulgam häzirki zaman platformalaryndan on esse çalt işleýär we ýol şertleriniň üýtgemegine millisekuntda jogap berýär.

Awtomobil zolagy saklaýan, aralygy gözegçilikde saklaýan we sürüjiniň bakyşyny yzarlaýan (ýola seretmelidigini ýatladýan) SAE 2 derejeli kämilleşdirilen awtopilot bilen enjamlaşdyrylar.

Ýörişiň akgynlylygy üçin bolsa öwrümlerde kuzowyň gyşarmagyny aradan aýyrýan adaptiw pnewmatik asgylar we işjeň stabilizatorlar göz öňünde tutuldy.

Doly elektrikli iX5 wersiýasy 141 kWt/sag sygymly batareýany alar — bu markanyň seriýaly ýeňil ulaglarynyň arasynda iň ulusydyr. Elektromobil 800 woltlyk arhitektura esaslanýar, 60 xDrive modifikasiýasynyň kuwwaty bolsa, takmynan, 578 at güýjüne (425 kWt) barabar bolar.

iX5 Hydrogen markanyň ilkinji wodorodly BMW ulagy bolar. Wodorod infrastrukturasynyň pes ösendigine garamazdan, bu wersiýa elektrik torlaryna uly agram düşýän sebitler üçin amatly alternatiwa hökmünde görkezilýär.


düýn 10:28
1.1k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

15.06.2026 20:03
6k+

Opel Astra we Corsa bilen birlikde dört täzeligini mälim etdi

Opel golaýda özüniň meşhur Astra we Corsa modelleriniň täze nesillerini çykarmak meýilnamasyny resmi taýdan tassyklady. Bu modelleriň önümçiligine hytaýly hyzmatdaşlaryň çekilmegi baradaky gürrüňlere......

15.06.2026 10:41
2.3k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

13.06.2026 12:31
2.4k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......