Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

  • düýn 12:31
  • 1.5k+

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde tutýar.

Patent arzasyna görä, bak deformasiýa edilip bilinýän materialdan ýasalyp, süýri görnüşli materialdan ýasalan ýörite konteýnerde ýerleşdirilýär. Şeýle konstruksiýa rezerwuaryň deformasiýasy wagtynda yranyp-çaýkanmalary azaltmaly we dürli ýüklenmelerde ony durnukly saklamaly.

Häzirki zaman wodorodly awtoulaglarda ýangyç adatça ýokary basyş astynda gaty ballonlarda saklanýar. Mysal üçin, "Toyota Mirai-de" wodorod uglerod süýümli köp gatly rezerwuarda 690 bar basyş astynda saklanýar.

Ferrari täze ýangyç bakyny awtoulagyň yzky okunyň üstünde ýerleşdirmegi meýilleşdirýär. Bu çözgüdiň sport modellerini geljekki ekologik talaplara uýgunlaşdyrmaga we içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri ulanmagy saklap galmaga mümkinçilik berjekdigi garaşylýar.

Kompaniýa entek bu oýlap tapyş barada teswir bermedi. Ozal "BMW" özüniň geljegi uly bolan "iX5" krossoweri üçin 700 bara çenli basyşa niýetlenen ýedi sany kompozit ballondan ybarat wodorody saklaýyş ulgamynyň bardygyny habar beripdi.


12.06.2026 08:19
2.2k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

12.06.2026 01:38
6.6k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

11.06.2026 14:04
11k+

700 at güýjündäki Camry: Toyota bir sedanda iki hereketlendiriji oturtdy

Toyota Gazoo Racing bölümçesi Ýaponiýada geçirilen «Super Taikyu» marafonynda bir wagtda iki sany benzin hereketlendirijisi, doly çekiji ulgamy we takmynan, 700 at güýji bolan eksperimental sedanyny hödürledi....

10.06.2026 11:18
5.2k+

450 dollara üstüňden Lamborghini-niň ysy gelip durar ýaly edip bolýar

Lamborghini kompaniýasy "Xerjoff" atyr öýi bilen hyzmatdaşlyga başlandygyny yglan etdi we öz atyrlarynyň ilkinji kolleksiýasyny tanyşdyrdy. Şeýle atyryň bir flakonynyň bahasy 396 dollardan 444 dollara çenli......