Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa Fe-ni" täze "EREV" hereketlendiriji ulgamy bilen tanyşdyrmagy meýilleşdirýär.
"Elantra" sedany daşky we içki dizaýnyň täzelenmesini alar. Şunda esasy wersiýalaryň häzirki hereketlendiriji hataryny saklap galmagyna garaşylýar. Üýtgeşmeler "Elantra N" sport wersiýasyna hem degişli bolup biler.
"Ioniq 3" ykjam elektromobili 480 km-den gowrak ýol geçmäge ukyply elýeterli model hökmünde görkezilýär. Häzirki wagtda awtoulag ABŞ-nyň bazary üçin yglan edilmedi.
"Kona-nyň" täze nesli has düşnükli dizaýna, döwrebaplaşdyrylan elektronika, 1,6 litrli turbo hereketlendirijili gibrid ulgama we täzelenen elektrik wersiýasyna eýe bolup biler.
"Santa Fe EREV" esasy täzelik bolar. Bu wersiýa elektrik hereketlendirijileri bilen hereket etmeli, benzinli içinden ýandyrylýan hereketlendiriji (DVS) bolsa batareýa üçin generator hökmünde işleýär.
"Tucson-a" hem düýpli üýtgeşmeler garaşýar. Krossower has burçly kuzowa, gibrid wersiýalara we gibrid hereketlendiriji ulgamly "Tucson N" modifikasiýasyna eýe bolup biler.