ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi) kompaniýasynyň aksiýalaryny satyn aldy.
HuffPost neşiriniň prezidentiň maliýe jarnamasyna salgylanyp habar bermegine görä, Tramp 25-nji martda TKO Group Holdings kompaniýasynyň 15 müň dollardan 50 müň dollara çenli bolan möçberdäki aksiýalaryny satyn alypdyr. Ol şondan soňra, ABŞ-nyň garaşsyzlygynyň 250 ýyllygyna bagyşlanyp, 14-nji iýunda geçiriljek «UFC Freedom 250» turnirini işjeň ýagdaýda mahabatlandyryp başlady.
Bu söwda şertnamasy jemgyýetçilik guramalary tarapyndan tankytlanyldy. «Citizens for Responsibility and Ethics in Washington» guramasynyň wekili Jordan Libowis prezidentiň aksiýalaryna maýa goýan kompaniýasyny mahabatlandyrmak üçin Ak tamy ulanmagynyň döwlet we şahsy bähbitleriň garyşmagynyň alamaty bolup biljekdigini mälim etdi. Biraz wagt mundan öň bolsa Tramp öňümizdäki turniri «Ýerdäki iň beýik şüweleň» diýip atlandyrypdy.
Çäräni guramak işleri bilen prezidentiň köp ýyllyk tarapdary Dana Waýtyň ýolbaşçylyk edýän UFC guramasy meşgullanýar.