Ilon Mask ABŞ-da öz hasabyna üç sany ýolagçy tunelini gurar

  • 29.03.2026 23:55
  • 6.4k+

Ilon Maskyň esaslandyran «The Boring Company» kompaniýasy ABŞ-da üç sany täze ýolagçy tuneliniň gurluşygyna başlaýandygyny yglan etdi. Bu taslamalaryň ählisi kompaniýanyň öz serişdeleriniň hasabyna doly maliýeleşdiriler.

Täze Orleanda guruljak NOLA Loop, Baltimordaky Ravens Loop we Dallasdaky University Hills Loop tunelleri awtoulaglaryň ýerasty ýollar arkaly ýolagçylary has tiz daşamagy üçin niýetlenendir.

Kompaniýa ýene-de iki sany – Tennessi ştatyndaky Hendersonville Utility Tunnel we San-Antoniodaky Morgan's Wonderland Tunnel taslamalaryny durmuşa geçirmegi-de göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda bu ýerasty ýollaryň gurluşygy tehniki-ykdysady seljermeleriň netijelerine we resmi rugsatlaryň alynmagyna bagly bolup durýar. Olar tassyklanan ýagdaýynda, ýene-de kompaniýanyň öz hasabyna maliýeleşdirilen gurluşyga girişiler.

Bu taslamalar The Boring Company kompaniýasynyň ýerasty ulag düzümini ösdürmek strategiýasynyň dowamydyr. Esasy maksat — uly şäherleriň ýollaryndaky dyknyşyklary azaltmak we adamlaryň gatnawyny has-da çaltlandyrmakdan ybaratdyr.


20.06.2026 10:45
3.4k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.4k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

02.06.2026 12:03
12k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.3k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....