2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi. Şeýle-de bolsa, taryhdaky iň uly IPO-dan peýda gören ýeke-täk onuň özi bolmady. Kompaniýanyň ýokary derejeli ýolbaşçylary, öňki işgärleri, maýa goýum gaznalary, uniwersitetler we hatda göni bäsdeşi hem bir gijede milliarderlere we millionerlere öwrüldiler.
The Wall Street Journal we Business Insider neşirleri Maskyň kosmos başlangyjyna bolan ynamy sebäpli kimleriň baýandygyny anykladylar.
Ýolbaşçylaryň, müdiriýet agzalarynyň we ilkinji maýadarlaryň birnäçe milliard dollarlyk paýnama alandygy bellenilýär, ýöne bu barybir Maskyňkydan ýüzlerçe esse az (ol kompaniýanyň 40% -den gowragyna eýelik edýär).
Antonio Grasias (Direktorlar geňeşiniň agzasy): 2008-nji ýylda SpaceX-e maýa goýan Valor Equity Partners gaznasyna ýolbaşçylyk edýär. Gaznanyň paýnamalarynyň bahasy häzirki wagtda takmynan 85 milliard dollara deňdir. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, Grasiasyň şahsy baýlygy bäş esse artyp, 21,6 milliard dollara ýetdi.
Люк Носек и Антонио Грасиас
-
Lýuk Nosek (Direktorlar geňeşiniň agzasy): Maskyň uzak wagtdan bäri hyzmatdaşy we PayPal-yň esaslandyryjysy bahasy 5 milliard dollar bolan 33 million paýnama eýelik edýär.
-
Gwin Şotwell (Prezident we Baş operasiýa direktory): Ol kompaniýa 2002-nji ýylda 11-nji işgär hökmünde işe girdi we Mask ünsüni Tesla, X-e we onuň DOGE-däki işlerine berýän mahaly, SpaceX-i netijeli dolandyrdy. Onuň paýy bary-ýogy 0,11%, ýöne IPO-dan soň, onuň bahasy tas 2,5 milliard dollara deň boldy.
-
Bret Jonsen (maliýe direktory): Ol kompaniýada 15 ýyldan gowrak wagt bäri işleýär we hususy maýa goýumlaryny çekmek bilen meşgullanýar. Onuň paýynyň bahasy häzir 1,5 milliard dollara deňdir.
Hatda kompaniýanyň göni bäsdeşleriniň biri hem IPO-dan peýda gördi.
2015-nji ýylda Google SpaceX-e 900 million dollar maýa goýdy we 7% paý aldy. IPO-dan soň, bu paýyň bahasy 132 milliard dollara çenli ýokarlandy. Žurnalistler muny taryhdaky iň gowy maýa goýumlarynyň biri diýip atlandyrýarlar. Kinaýaly ýeri, Google häzir SpaceX bilen emeli aň ulgamynda bäsleşýär: Google Gemini neýron ulgamyny ösdürýär, SpaceX-iň xAI-si bolsa Grok çat-botuny çykarýar.
Garaşylmadyk peýda görýänleriň arasynda Amerikanyň uniwersitetleri hem bar.
Demirgazyk Karolinanyň uniwersitetler ulgamy, Sent-Luisdäki Waşington uniwersiteti we Wirjiniýa uniwersiteti öz haýyr-sahawat serişdeleri arkaly SpaceX-e maýa goýdular. Takyk göterimler aýan edilmeýär, ýöne ilkinji iki uniwersitet öz haýyr-sahawat serişdeleriniň takmynan 10% -ni bu işe gönükdirdi (ýöne olar geçen ýylyň dowamynda öz paýnamalaryny bölekleýin azaltdylar).
Maýa goýmak humary
83 ýaşly maýa goýum müdiri Ron Beron diňe öz paýy bilen çäklenmän, açylyş dabarasynyň yzysüre ýene-de 1 milliard dollarlyk paýnamany satyn aldy. Onuň paýnamasynyň bahasy häzir 25 milliard dollara deňdir.
Ýönekeý işgärler we öňki kärdeşler
Birža bazarynyň üstünligi diňe uly biznese däl, eýsem opsion alan ýönekeý işgärlere hem täsir etdi.
Huan Hernandes 2015-nji ýylda SpaceX kompaniýasynda kebşirleýji bolup işe başlady. Ilki başda ol kompaniýanyň näme bilen meşgullanýandygyny hem bilmeýärdi. Ahyrsoňy ol doly iş hakly işgär boldy, 10 000 dollarlyk paý aldy we aýlygynyň bir bölegini paýnama satyn almaga maýa goýdy. Geçen ýyl ol işden çykdy we häzir Jeff Bezosyň bäsdeşi Blue Origin kompaniýasynda metal kebşirleýär. Muňa garamazdan, onuň SpaceX paýnamalary häzir 880 000 dollara deňdir.
Inžener J. Andre Lawua 10 ýyl mundan ozal kompaniýadan çykyp, Italiýa göçüpdi. IPO-dan soň onuň paýynyň bahasy 28 million dollara deňdir. 63 ýaşly Lawua öz baýlygy barada The Wall Street Journal gazetine şeýle diýdi: “Bank hasabymda birgiden pul goýup ölüp gitmek islemeýärin”. Lawua öz baýlygyny myhmanhanasyny abatlamak we häzirki wagtda ýaşaýan kiçi şäherine kömek etmek üçin ulanmagy meýilleşdirýär.


