Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

  • şu gün 09:59
  • 366

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň ýumuşlary üçin çibiň öndürijiligi 80 TOPS görkezijisine ýetýär.

Noutbuk 3K durulygy bolan, 120 Gs çenli adaptiw täzelenme ýygylygyny goldaýan, şöhlelenmä garşy örtükli we Corning Gorilla Glass with DX gorag aýnaly 16 dýuýmlyk Dynamic AMOLED 2X sensor displeýi bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle hem model Dolby Atmos goldawy bolan dört sany dinamigi aldy.

Galaxy Book 6 Edge noutbugy Windows 11 operasion ulgamynda işleýär we Copilot+ PC kategoriýasyna degişlidir. Interfeýsleriň arasynda HDMI 2.1, microSD sloty, bir sany USB 3.2 porty, iki sany USB 4.0 we utgaşdyrylan audio-porty göz önünde tutuldy. Noutbuk Wi-Fi 7 we Bluetooth 5.4 ulgamlaryny goldaýar.

Akkumulýator 22 sagada çenli wideo görmek mümkinçiligini üpjün edýär. 65 Wt kuwwatly zarýad beriş bolsa bary-ýogy 30 minutyň içinde 40%-e çenli zarýad doldurmaga mümkinçilik berýär.

Noutbugyň agramy 1,55 kg, ýogynlygy bolsa 13 mm-den hem azdyr. Gurluş 16 GB operatiw ýat (LPDDR5X) we 1 TB göwrümli SSD saklaýjysy bilen elýeterlidir.

Modeliň bahasy 2100 dollar.


şu gün 11:29
550

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

şu gün 11:16
155

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

15.06.2026 19:06
1.1k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......

14.06.2026 11:22
4.4k+

Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy....