«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we «F1 Academy» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi adyny saklap galar.
Pirelli çempionata ilkinji möwsüm bolan 1950-nji ýyldan bäri gatnaşyp gelýär, 2011-nji ýyldan bäri bolsa tekerleriň eksklýuziw üpjünçisidir.
«Formula-1-iň» ýolbaşçylary bu hyzmatdaşlygyň diňe bir sport bölegini däl-de, eýsem täze tehnologiýalary işläp taýýarlamagy we durnukly ösüş çözgütlerini hem öz içine alýandygyny belledi. Kompaniýa çempionaty innowasiýalary synagdan geçirmek üçin uly meýdança hökmünde görýändigini nygtaýar.
Şertnamanyň möhletiniň uzaldylmagy Lýuis Hemilton tarapyndan Pirelli-niň ýagynly howa üçin niýetlenen tekerleriniň tankyt edilmeginden birnäçe hepde soň boldy. Ýaryşa gatnaşyjynyň belliklerinden soň, kompaniýa goşmaça synaglary geçirdi we geljekki işlerinde alnan netijeleri göz öňünde tutjakdygyny habar berdi.