Lamin Ýamal American Eagle brendiniň bütindünýä ilçisi boldy

  • düýn 11:22
  • 3.9k+

«Barselonanyň» we Ispaniýanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Amerikanynyň American Eagle egin-eşik brendiniň täze bütindünýä ilçisi boldy.

Kompaniýa 18 ýaşly futbolçy bilen hyzmatdaşlygyny 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna bagyşlanyp guralan «Ready for the World» («Dünýä taýyn») atly mahabat taslamasynyň çäginde mälim etdi.

Kompaniýa ala-böle Lamin Ýamaly saýlamagynyň sebäbini onuň Z nesliniň arasyndaky meşhurlygy we diňe bir sport däl, eýsem, ondan daşary hem täsir edip bilmek ukyby bilen düşündirdi. Brendiň pikiriçe, bu hyzmatdaşlyk futboly, modany we häzirki zaman medeniýetini bir ýere jemleýär.

Ýamal dünýäniň iň geljegi uly ýaş futbolçylarynyň biri hasaplanylýar. Ol sportdaky üstünliklerinden başga-da, halkara derejesindäki söwda we mahabat taslamalaryna işjeň gatnaşmagyny dowam etdirýär.


12.06.2026 23:59
2k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

12.06.2026 13:09
8.9k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

12.06.2026 12:35
2.3k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.06.2026 11:08
1.1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....